Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Dünýäniň iň owadan 10 güli

21-04-2023 / 5021

Alymlar dünýäde gülüň, takmynan, 800 million görnüşi bar diýýärler. Şol gülleriň iň owadany we meşhury bolsa 15-den köp däldir.

Kana güli. Kananyň diňe bir gül çogdamlary däl, eýsem ýapraklary hem diýseň owadandyr. Bada-bat göze ilýän täsin  aýratynlygy bolsa gülüň we ýapraklaryň ruhlandyryjy reňkde bolmagydyr. Angliýanyň meşhur bakja  gülleriniň biri bolan kana Türkiýede hem ýetişdiriliýär.

Üljäniň güli. Ol Ýaponýanyň resmi gülleriniň biridir. Ülje gülüniň gülleme döwründe Ýaponiýada we Amerikada ýörite festiwallar geçirilýär. Bu gülüň owadanlygy ak we gülgüne reňkleriň bir-birine utgaşmagyndadyr. Şeýle-de bu gül özüniň ýerleşýän ýerini taýsyz gözellige öwürýändigi üçin iň owadan gülleriň hataryna girdi.

Kolarada kolumbine. Amerikanyň Roksy daglarynda ýerleşýän bu güle Koloradanyň 4500 metr belentlikdäki daga dyrmyşyjylary “Hoş geldiň!” diýip at goýupdyrlar. Sebäbi, ol ösende iki tarapa gol ýaýradýar. Ony synlanyňda gollaryny giňden açyp ,,garşylaýşyny” görmek bolýar.

Ortanja. Ol Türkiýede iň meşhur gülleriň biridir. Bu gül, esasan, bakjalaryň gözelligini artdyrmak üçin köp ulanylýandygy üçin ,,bakja güli” diýlip tanalýar.

Müge güli. Bu gül baharyň gelendigini özüniň gaýtalanmajak ysy bilen buşlaýar. Ol owadanlygy bilen köpleri haýran galdyrýar. Müge gülüniň şeýle owadanlygy, hoşboý we näzik ysy ony dünýäniň iň owadan  gülleriniň hataryna goşdy.

Lili gülüniň haýran galdyryjy owadanlygyna aldanmaň. Bu özüne çekiji we owadan gül, aslynda, zäherli ösümlik bolan zantedesçiananyň görnüşidir. Şeýle-de bolsa, ol özüniň zäherini gizlemegi başarýan gözellige eýedir. Ýöne seresapsyzlyk eden halatyňda gül okarasy we ýapraklary howply zähere eýe bolýarlar.

Gara gözli susan güli her bir bakjany we seýilgähleri gülzarlyga öwrüp bilýän birýyllyk ösümlikdir. Gülüň sary, altyn reňkleri, merkezi böleginiň goýy gara reňki her bir adamy  duýgulandyrýar.

Ganaýan ýürekler güli. Bu näzikden üýtgeşik şekilde bolan güle Türkiýede ,,şebboý” ady goýulsa-da, ol şebboýyň bir görnüşidir. Bu gülüň ýürek şekilinde, reňkiniň hem gyrmyzy bolmagy örän özüne çekijidir.

Gök jaňjagazlar. Ýaz aýalarynda Ýewropanyň düzlükleri bu ajaýyp güle bürenýär. Käbir çeşmelerde beýan edilişine görä, bu gülüň adyny XIX asyrda ýaşap geçen bir şahyr oýlap tapanmyş diýýärler. Ol bu güli ýalňyzlygyň we puşmanyň şekili hökmünde görüpdir.

Lantana güli—näzik we gülgüne, sary gül çogdamlary bilen kebelekler üçin magnit hökmünde tanalýar. Agajyň baldagy ulaldygyça, gülüň reňki üýtgeýär we käbir halatalarda baş alyp çykmasy kyn bolan ýabany haşal otlaryna-da öwrülip bilýär.

Atajan SEÝIDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com