Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Döredijilik duşuşygy geçirildi

20-04-2023 / 5115

19-njy aprelde paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler jaýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda «Döwrüň bedew bady bilen röwşen geljege tarap!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa ýazyjy-şahyrlar, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda zähmet çekýän döredijilik işgärleri, şol sanda ýaş žurnalistler, ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, söz bilen iş salyşýandygy, edil balarynyň ýüzläp güllerden bal toplaýşy kimin, kämil eser döretmek üçin köp kitaplary okap, sözlük goruny yzygiderli baýlaşdyrýandygy, her bir sözüň ornuna, many ýüküne uly ähmiýet berýändigi şahyrdyr ýazyjyny, žurnalistdir terjimeçini baglanyşdyrýan umumylykdyr. Halypa žurnalistler çeper-publisistik žanrlarda eser döretmegiň, şol sanda oçerklerde söz bilen zähmet adamlarynyň keşbini suratlandyrmagyň aýratynlyklary barada aýdyp, bu babatda ýaş kärdeşlerine gymmatly maslahatlary berdiler. Çäräniň barşynda ýaş žurnalistler hem halypalara hünär ugurlaryndan özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, degerli jogaplary aldylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com