
Geçmişden bize miras galan ajaýyp taryhy ýadygärlikleriň biri hem demirgazyk Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän, bitewi arhitektura toplumyny emele getirýän, uzaklardan seleňläp görünýän Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumydyr. Bu taryhy ýadygärligiň ähmiýeti hemişe ýokary derejä eýe bolupdy. Ol ýeke bir Türkmenistanda däl, eýsem, goňşy döwletlerde-de meşhurdyr.
Ysmamyt ata ýadygärligi barada, 1958-1961-nji ýyllarda Horezmiň taryhy ýadygärliklerini, olaryň gurluş aýratynlyklaryny öwrenen Ý.B.Steblýuk öz işlerinde aşakdaky maglumatlary getirýär: «Ysmamyt ata öwlüýäsiniň abraýy juda ýokary bolup, bu ýere ähli ýerlerden gelýärler. Sebitiň dürli welaýat we etraplarynda ýaşaýan türkmen, özbek we gazaklar öz merhumlaryny şu ýere depin edýärler. Gonamçylyk Daşoguz welaýatynyň Görogly şäherçesinden 12 km çemesi günorta-günbatarda Garagum serhedinde ýerleşýär».
Ysmamyt atanyň häzirki gümmezi ΧΙΧ asyr Hywa taryhçysy Munisiň habar bermegine görä, Hywa hany Allaguly han döwründe Abdyrahman Mähter tarapyndan gurlupdyr.
Bu ýadygärligi öňler «Eşretgala» diýip hem atlandyrypdyrlar. Gadymy şäher öz gurluşy jähtden X-XI asyrlarda salnan ymaratlara gabat gelýär. Eşretgalanyň bu günki görnüşi:
- Ysmamyt ata aramgähi.
- Mawzoleý.
- Daş köçe. Uzynlygy – 36m, ini-3,5 m.
- Gyşky metjit.
- Ýazky metjit.
- Hanagäh.
- «Dandana»
- Kerwen ýoly.
- Goja tut daragtyndan ybaratdyr.
Bu meşhur zyýarat ojagy bilen bagly ýerli ilatyň arasynda ençeme rowaýatlar aýdylýar. Şol gürrüňlere görä, bu ýerde gudratly şypa beriji ýagşyzada jaýlanypdyr. Köneden gelýän hekaýatlar keramatly Ysmamyt atanyň adyny obaň birýarym kilometr gapdalyndan geçýän, gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýan nowhananyň çekilmegi bilen baglanyşdyrýar. Gudratly goja bu gurakçylyk höküm sürýän sebitiň ähli suwaryş akabalaryny çeken hem-de olaryň hemaýatkär-piri hasap edilýär. Rowaýatlarda birmahal bu ýerde Yşrat gala atly şäheriň bolandygy aýdylýar. Soltan Mahmyt bu şähere hökümdarlyk edipdir. Musaýyp Sahab diýen arap serkerdesiniň Ysym atly ogly Yşrat galanyň içine aýlanyp görüpdir, köpçüligiň üýşýän ýerlerinde esasy ýörelgelerini wagz edipdir. Suhanwer takwanyň täsirli gürrüňine syny oturan Soltan Mahmyt kabul etmegiň kararyna gelýär.
Ysmamyt ata arhitektura toplumy, ilkinji nobatda, özüniň ýedi sany kiçeňräk gümmezi we olardan ep-esli ýokary saýlanýan metjidi hem-de aramgähi emele getirýän özboluşly keşbi bilen tapawutlanýar.
Nedir SYLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.