
18-nji aprelde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Içerki goşunlarynyň ýanyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölümde türkmen halkynyň merdana ogly, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly ömür ýoluna bagyşlanan «Dowamat dowamdyr pederler ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Säher bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Içerki goşunlarynyň ýanyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölümiň öňünde bina edilen Mälikguly aganyň heýkeliniň öňi köp adamly boldy. Içeri işler edaralarynyň weteranlary, gullukçylary, harby gullukçylary, talyplary, ýurdumyzyň beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri beýik gerçegiň heýkeline ter gül desselerini goýup, ony hatyraladylar.
Soňra dabaraly çäreler harby bölümiň medeniýet merkezinde dowam etdirildi. Bu ýere ýygnananlar köp ýyllaryň dowamynda içeri işler edaralarynyň hatarynda abraý bilen halal zähmet çeken Mälikguly aganyň ýagty ýadygärligini sarpalap çykyş etdiler.
Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşdirilen, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly bilen bagly muzeý gymmatlyklaryny synladylar.
«TürkmenGazet».