Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Iňlis dili boýunça Halkara internet olimpiadasy geçirildi

19-04-2023 / 5054

Şu ýylyň 12-13-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça onlaýn görnüşde II Halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden 520 talyp, şeýle hem onlarça döwletleriň 156 sany ýokary okuw mekdebinden müňden gowrak talyp gatnaşdy.

Olimpiadanyň geçirilmeginiň maksady «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamalaryny amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Onlaýn internet olimpiadasy test boýunça geçirilip, iňlis dilinde okaýşa, diňlemä, grammatika degişli 10 ýumuşdan ybarat boldy. Olary ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berildi.

Ýokary netije gazanan talyp ýaşlar guramaçylyk toparynyň we emin agzalarynyň çözgüdi esasynda ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, halkara bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň 227-si ýeňiji bolup, olaryň 31-si birinji, 52-si ikinji, 73-si bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Oňat çykyş edenleriň 71-si bolsa Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 11-si birinji, 20-si ikinji, 30-sy bolsa üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Şeýle hem olaryň 26-sy Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Taganmyrat GUKULOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com