Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

Aktýorlar üçin döredilen ýörite planşet

19-04-2023 / 5046

ASUS Oýunçylar Respublikasy (ROG) bilen tehniki geýim dizaýn gullugy bolan ACRONYM-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikinji taslamasy hökmünde aktýorlar üçin ýörite döredilen planşedi hödürlediler.

Moda, sungat, tehnologiýa we Web3 dünýäsini birleşdirmegi maksat edinen bu täze enjam 3-nji aprelde bütin dünýäde satuwa çykaryldy. Intel Core i9-13900H prosessor we NVIDIA GeForce RTX 4070 GPU ýaly aýratynlyklary bolan ROG FLOW Z13-ACRNM RMT02, göterijiliginiň we planşet ölçegli şassisiniň bardygyny mälim edýär.

Täze model, ROG-yň “hemme taraplaýyn oýnamak” maksady bilen döredilendigini yglan eden 2023 akym seriýasynyň bir bölegi hökmünde hödürlenýär. “Flow Z13”, “ACRONYM®” we “ROG” üçin bu köpugurlylygy professional aýratynlykly görkezmegi we grafikany talap edýän beýleki ulanyşlara giňeltmek iň esasy maksat diýilýär.

Aýratynlyklary: enjamda FLOW Z13-ACRNM RMT02, Intel Core i9-13900H prosessor NVIDIA GeForce RTX 4070 GPU bar. ROG enjama 65W ýylylyk kuwwatyny, şeýle-de,  MUX Switch we Nvidia Advanced Optimus goşulan. Mundan başga-da, kompaniýanyň beren beýanatynda sowadyş ulgamynyň 44% anakart bilen örtülen bug kamerasy bilen işleýändigi aýdylýar. Suwuk metal we ýaý akym janköýerleri 0db daş-töweregi sowatmagy üpjün edýär.

Rahymgeldi AHUNDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com