Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

5 sagatlyk düzgün

19-04-2023 / 5013

Dünýädäki köp üstünlikli adamlar tarapyndan ulanylýan 5 sagatlyk düzgüniň kömegi bilen üstünlik derejäňizi artdyrarsyňyz. Her gün birneme has köp işleýändigiňizi, ýöne öňegidişligiň ýokdugyny görýärsiňizmi? Bu size kimdir birini ýatladýan bolsa, 5 sagatlyk düzgüni ulanmagyň wagty gelendiginiň duýduryşy bolup biler. Dünýädäki köp üstünlikli adamlar tarapyndan ulanylan bu usul bilen üstünlige birneme ýakynlaşyp bilersiňiz:

5 sagatlyk düzgün, hepdede 5 sagat ýa-da her iş gününiň 1 sagadyny aňly we bilgeşleýin öwrenmäge bagyşlamagy aňladýar. Başga meseleler bilen garyşmazdan öwrenmäge doly üns berip bilersiňiz. Muny öwrenmegiň dürli usullary bolup biler.

Mysal üçin kitap okamak. Kitap okamak  üstünlikli adamlaryň arkasynda aý ýaly şöhle saçýan endikdir. Torbada göterýän kitabyňyzyň bardygyna göz ýetiriň we şomy okamak üçin özüňize maksat goýuň. Mysal üçin, bir günde bir bap okamagy ýa-da belli bir sahypany okamagy endik edinip bilersiňiz. Tehnologiýanyň kömegi bilen hatda planşet we smartfon arky islän kitabyňyzy, islän ýeriňizde okap bilersiňiz!

Oýlanmak öwrenmek we özleşdirmek üçin möhüm ädimdir. Köp maglumat öwrenmeseňiz we pikirlenmeseňiz, bu maglumatlar sizi ýadadar. Öwrenen zatlaryňyzy kabul etmek üçin wagt belläň, ýogsam ünsüňizi sowarsyňyz. Mysal üçin okamak arkaly öwrenen zatlaryňyzy jemläp bilimleriňizi täzeläp bilersiňiz!

Synag durmuşda ösüşiň iň möhüm usulydyr. Täze teoriýalary we pikirleri barlamak örän möhümdir. Häzirki wagtda dünýäde ulanylýan iň uly oýlap tapyşlyklar, ähli peýdaly gurallar, pikirleri synap görmek üçin ýasalypdy. Täzelik, şol bir zady gaýtalamakdan gelenok.

Iş durmuşyny öwrenmek bilen bulaşdyrmak örän aňsat. Şonuň üçin ikisiniň arasynda ýapyşan ýaly duýýarsyňyz. Öňe gitmek üçin hepdede 40 sagat işlemek ýeterlikdir öýdüp bilersiňiz, ýöne asyl beýle däl. Gündelik meselelere ünsi jemläniňizde, özüňiz üçin aýratyn wagt aýyrmaň we gowulaşmagyňyza ünsi jemlärsiňiz. 5 sagatlyk düzgün esasanam öwreniş görnüşine degişlidir. Özüňiz üçin belli bir maksatlary kesgitläň we olara ýetmek üçin belli wagtlary goýuň. Wagtyň geçmegi bilen ösüşi öz gözüňiz bilen hut özüňiz görersiňiz!

Näçe köp öndürseňiz, şonça-da, üstünlik gazanarsyňyz diýip pikir edip bilersiňiz. Önümçilik üstünlikde möhüm rol oýnaýar. Ýöne bu ömürboýy öwreniş ýörelgesi hakda däl. Häzirki wagtda edýän işiňize yzygiderli üns berseňiz, hiç hili öňegidişlik görmersiňiz. Muny diňe öwrenmäge üns berseňiz görüp bilersiňiz. 5 sagatlyk düzgüni berjaý etmek elmydama aňsat bolman biler, sebäbi girdejiňiz derrew gelmez, ýöne soň özüňize köp sag bolsun aýdarsyňyz! A siziň pikiriňize görä, 5 sagatlyk düzgüni ulanmak dogrumy?!

Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com