Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Türkmen tennisçisi — Aziýanyň wise-çempiony!

18-04-2023 / 5046

Ýurdumyzyň halkara derejedäki sport abraýynyň barha beýgelmegine tennisçiler hem özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Hususan-da, geljegine uly umyt bildirilýän ýetginjek we ýaş tennisçileriň halkara üstünlikleri biri-biriniň yzyndan hatar gurýar.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, ýetginjek tennisçi gyz Ilima Guseýnowa ýakynda ýene bir halkara ýaryşyň ýeňijileriniň hataryna girmegi başardy. Ol 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.

Hindistanyň Bhubaneswat sebitinde geçirilen yklym ýaryşynda Ilima Merkezi we Günbatar Aziýanyň ýygyndy toparyna wekilçilik etdi. Yklymyň iki sebitini öz içine alýan ýygyndyda türkmenistanly tennisçi gyza döredilen mümkinçilik onuň başarnygyna halkara derejede berlen ýokary bahadyr.

Ýeňiş SAPAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com