
Türkmen milletiniň şöhratly geçmişinde öçmejek yz galdyran ýerleriň biri hem Köneürgenç topragydyr. Köneürgenç şäheri gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan ylym-bilimiň mesgeni hökmünde bütin dünýäde meşhurdyr. Beýik akyldarlary orta çykaran gadymy Köneürgenç diňe bir ylmyň, medeniýetiň ösen ýeri bolman, eýsem, bu toprak özüniň ajaýyp binagärçilik sungaty bilen-de uly meşhurlyga eýe bolupdyr.
Gündogarda, geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşen Türkmenistan, orta asyrlarda Aziýa bilen Ýewropa medeniýetiniň özboluşly bir çatrygyna öwrülýär. Bu mukaddes toprakda baý medeniýetli, taryhy şäherleriň biri-de Köneürgençdir. Onda alymlaryň giden bir nesli kemala gelipdir.
Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň paýtagty bolan Gürgenç-Ürgenç, häzirki Köneürgenç şäheriniň taryhy barada ýazuw çeşmelerinde gyzykly maglumatlar bar. Şeýle maglumatlar, hususan-da, orta asyr taryhçylary, geograflary, syýahatçylary we alymlary Ibn Ruştäniň, Ibn Fadlanyň, al-Istahriniň, al-Makdisiniň, al-Asiriň, Jüweýniniň, Muhammet Nesewiniň, Reşideddin Watwatyň işlerinde berilýär.
Binagärçilik aýratynlygy bilen dünýäni haýrana goýmagyny dowam edýän gadymy Köneürgenç topragy özüniň gaýtalanmajak, şan-şöhrata ýugrulan taryhynda ylmyň, bilimiň ösmegine uly goşant goşan meşhur alymlaryň ençeme neslini kemala getiripdir. Olar öz zähmetleri, akyl-paýhaslary, ylmy açyşlary bilen ylmyň ösüşlerine belli bir derejede goşant goşupdyrlar. Halkyň baý taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, ykdysady ösüşleri bu döwürde alymlaryň giden bir nesliniň kemala gelmegine zerur şertleri döredipdir. Paýhas ummanynyň ägirtleri Merkezi Aziýanyň dürli ýerlerinde Merw, Ürgenç, Buhara, Samarkant ýaly syýasy we ylmy merkezlerde dogulmak, ýaşamak, döretmek bilen Gündogar Gaýtadan döreýşini amala aşyrypdyrlar. Şol döwürde olaryň ylmy açyşlary dünýäni haýrana goýup, ylymlar dünýäsine uly goşant bolýar. Olar öz açyşlary bilen tutuş adamzadyň taryhyna, medeniýetine täsir edipdirler. Bu aýratynlyk gadymy Köneürgençde ýaşan we döreden orta asyr alymlarynyň ylmy açyşlarynyň umumadamzat bähbitlidigini subut edýär. Orta asyrlarda ylym dünýäsinde meşhur bolan alymlaryň bir topary XI asyryň başynda türkmen topragynda, ýagny häzirki Köneürgençde ýygnanypdyrlar. Bu ylym pälwanlarynyň hersi Merkezi Aziýanyň medeniýetinde mynasyp yz galdyryp gidipdir.
Beýik ussatlardan, akyldar danalardan tälim alan adamlaryň ynsan kalbynyň, jemgyýetiň ruhy taýdan kämil bolmagy üçin özleriniň göreldesi, ajaýyp ahlaga öwrülen hikmetleri, gymmatly taglymatlary biziň günlerimizde gymmatly ruhy baýlyga öwrülip, özleriniň ähmiýetini barha artdyrýarlar. Taglymatlary, gyzyldan gymmatly, dürdänesi deý pikirleri bilen ynsanlara dogry ýol-ýörelge görkezen şahsyýetleriň atlary taryh sahypalarynda, adamzat hakydasynda müdimilik galypdyr.
Leýli TAGANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.