Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Ýer. Adam. Kosmos

17-04-2023 / 5102

Gün Ýerden takmynan 150 million kilometr uzaklykda, ýöne her gün onuň ýylylygyny her birimiz duýup bilýäris. Elbetde, munda geň galdyryjy zat ýok. Ýöne Gün ýaşaýan planetamyzy gyzdyrsa-da, giňişlik sowuklygyna galýar.

Temperatura diňe materiýa täsir edip bilýär. Ýöne kosmosda ýeterlik bölejikler ýokdur. Ýagny Älem boşlukdan ybarat. Bu ýylylygyň hiç zada täsir edip bilmeýändigini aňladýar. Bu ýagdaýda ýylylygy geçirmek asla mümkin däl. Emma radiasiýa arkaly ýylylyk geçirmek ýeke-täk mümkinçilik bolup biler. Günüň radiasiýa görnüşindäki ýylylygy bir jisime düşende, jisimi emele getirýän atomlar energiýany siňdirip başlaýar. Bu energiýa, atomlary herekete getirip başlaýar we bu prosesde atomlar herekete geçýär we ýylylyk döreýär. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýda gyzykly bir zat bolup geçýär. Ýagtylygy geçirmegiň mümkinçiligi bolmansoň, kosmosdaky jisimleriň temperaturasy uzak wagtlap üýtgewsiz galýar. Gün şöhleleriniň atmosfera girende, energiýa bermek üçin köp jisim we material bar. Şonuň üçin biz planetamyzda ýylylygy duýýarys. Aýyň garaňky tarapy -173°C-e çenli, kosmos bolsa ortaça -270.4°C-e töweregi sowukdyr.

Suratdaky kiçijik ak nokat, «Voyager I» gözleginde surata alnan planetamyzdyr. Bu surat 1990-njy ýylda 6 milliard km uzaklykda surata alynypdyr.

Ýupiter iň uly planeta bolmak bilen ol Ýer planetamyzyň ululygyndaky müň planetany öz içine almak mümkinçiligine eýedir.

Maglumatlara görä, 8 müňden gowrak kosmos galyndylary Ýeriň daşyndan aýlanýar.

Gün ulgamynyň massasynyň 99% -i günüň massasydyr.

Kosmosda ses ýokdur, sebäbi bu ýerde ses tolkunlarynyň ýaýrajak howasy ýok.

HD189733b planetasyna hemişe aýna ýagýar diýip, bilermenler belläp geçýärler.

Begençmuhammet SERDARMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com