Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri» atly maslahat

15-04-2023 / 5094

14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara habarlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri» ady bilen «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

Maslahatda halkara maglumat işiniň dürli ugurlary, jemgyýetde habar beriş serişdeleriniň we media sowatlylygyň orny bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara bilermenlerdir ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň metbugat attaşeleri, habarlar agentlikleriniň žurnalistleri sessiýalaryň ikisinde göz öňünde tutulan mowzuklar baradaky garaýyşlaryny beýan edip, häzirki zaman şertlerinde döwlet bilen media bileleşiginiň özara baglanyşygy, sosial torlary kommunikasiýanyň guraly hökmünde ulanmagyň netijeli ýollary dogrusynda giňişleýin pikir alyşdylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com