Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Ýer şary: sanlar we maglumatlar

14-04-2023 / 5098

Dünýäde kislorody öndürmekde Russiýa Federasiýasy öňdebaryjydyr. Sebäbi Sibirde Ýer ýüzüniň tokaýlarynyň, takmynan, 20 göterimden gowragy ösýär. Bu bolsa, elbetde, bu ýurdy kömürturşy gazyny kisloroda öwürmekde dünýäde öňe saýlanýar.

Ýer şarynyň iň gurak ýurdy Liwiýadyr. Bu ýurduň meýdanynyň 99 göterimi çöllük bilen gurşalandyr. Liwiýanyň käbir sebitlerinde onlarça ýyllap ýagyş ýagmaýar.

Dünýädäki iň köp kölli ýurt şübhesiz Kanadadyr. Çünki Ýer ýüzüniň ähli kölleriniň 60 göterimi bu ýurtda ýerleşýändir.

Dünýäde iň ýaş ilatly ýurt Niger bolup, onuň ilatynyň, takmynan, ýarysy 15 ýaşdan kiçidir.

Ýer ýüzünde iň selçeň ilatly ýurt Mongoliýadyr. Ýurduň ilatynyň ýerleşiş gürlügi 1,5 inedördül kilometre 4 adamdan ýetýär. Gonkongyň Mong Kok etrabynda bolsa 1,5 inedördül kilometre 340 müň adamdan ýetýär.

Dünýäde iň köp dilde gürleşilýän ýurt Papua — Täze Gwineýadyr. Ýurduň resmi dil iňlis dili bolsa-da, ilatyň bary-ýogy 2 göterimi şol dilde gürleşýär. Papua — Täze Gwineýanyň ýaşaýjylary gepleşik üçin 820-den gowrak dili ulanýarlar. Bu bolsa dünýä dilleriniň 12 göterimine barabardyr.

Dünýäde adam başyna iň köp dowar düşýän ýurt Folklend adalarydyr. Beýik Britaniýa degişli bu ýurtda 3 müň adam ýaşap, dowarlaryň bolsa 500 müňüsi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurda esasy girdeji hem goýun ýüňünden gelýär.

Aýtgeldi BEGENJOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com