
Dana halkymyzyň “Ir tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýip döreden aýtgysy behişdi bedewine bolan hormatyny görkezýär. Ata-babalarymyz atyň häsiýetini we tebigatyny inçelik bilen öwrenipdirler.
Atlaryň şeýle inçelik bilen öwrenilmegi ony terbiýelemekde juda zerur bolupdyr. At terbiýesine gaty oýlanyşykly çemeleşipdirler. Oýlanyşykly berlen terbiýe we türkmen bedewleriniň tebigy aýratynlygy bu bedewleriň adyny gudratly derejesine çenli alyp göteripdir. Gadymy grek alymy Gerodot baryp biziň eramyzdan öňki V asyrda Nusaý atlarynyň gudraty hakda ýazypdyr. Bu atlaryň köplenç, ýeňiş gazanýandyklaryny taryhçylar ýazypdyrlar. Sebäbi berk berlen terbiýäniň netijesinde atlar eýesiniň buýrugyna bada düşünip, eýesiniň hereketi bilen bap gopupdyr.
Türkmenler gadymdan gelýän seýisçilik däbini pugta berjaý edipdirler. Aty haçan, neneňsi, näçe mukdarda naharlamalydygyny, suwa ýakmalydygyny, neneňsi iým bermelidigini, haýsy iýmler berlende ata azar berýändigi, gezim etdirmek, münüş kadalaryny berjaý etmegi oglanlara ýaşlykdan öwredipdirler. At terbiýesi ogul terbiýesi bilen, söweşjeň esger ýetişdirmek borjy bilen pugta baglanyşyklylykda amala aşyrylypdyr.
“At-myrat” diýýän halkymyz atçylygyň kämil görnüşde dowam etmegini gazanyp, seýisçiligiň inçe syrlaryny nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Şu ajaýyp döwrümizde bu hünäriň täze öwüşginler bilen dowam etmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Welaýatlarda häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän we iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, şeýle hem däp bolan çapyşyklary, Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky bäsleşikleri geçirmäge niýetlenen atçylyk sport toplumlarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bu ugurda döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän işleriň bimöçber uludygyny görkezýär.
Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.