
Türkmen döwleti örän gysga döwürde umumadamzat ösüşiniň gözýetmez ummanyna goşuldy. Her bir raýatyň durmuş-syýasy işjeňligi ýokarlandy. Türkmenistanlylaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaklary üçin saýlawlylyk, açyklyk, kanunylyk, deňlik ýörelgeleriniň binýady berkidildi.
1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ilkinji we täsirli syýasy gurama hökmünde orta çykdy. Bu gün bu partiýa ýurdumyzyň kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeläp gelýär.
Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşlerde ýetilýän sepgitler, ösüş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanylýan üstünlikler döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligiň netijesidir. Jemgyýetde şeýle sazlaşygyň gazanylmagynda syýasy-jemgyýetçilik güýçlerine uly ynam bildirilýär.
Ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakdan başlap, saglygy goraýşy kämilleşdirmek, sagdyn durmuşy ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda sporty, ylmy-tehniki döredijilik ukybyny ösdürmek, adamlary sagdyn dynç alşa, saglygy dikeltmäge ündemek, ekologiýa sowatlylygyny ýokarlandyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýar. Ýaşlaryň çeper döredijilige, sungata bolan höweslerini goldamak hem sagdyn, kämil jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurlarda döwlet derejesinde ýola goýulýan çäreleriň syýasy-guramaçylyk taýdan üpjün edilmegine uly goşant goşýan syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýerli wekilçilikli döwlet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bilelikdäki tagallalarynyň ýerine düşýändigini belläp geçmek zerurdyr. Jemgyýetçilik bilen syýasy-guramaçylyk, köpçülikleýin-düşündiriş, wagyz-nesihat işini alyp barmakda baý tejribe toplan Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öň hatarlardadyr.
Türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bizi aýratyn buýsandyrýar.
Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.