Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Silindr görnüşindäki iň uly akwarium

12-04-2023 / 5065

Bu akwarium Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherindäki bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň birinde ýerleşýär. Akwaruim dünýäde silindr görnüşindäki iň uly akwariumdyr. Beýikligi 25 metr, diametri bolsa 11 metr bolan akwarium 1 million litr deňiz suwy bilen doldurylandyr.

Onda derýalardan, ummanlardan we köllerden getirilen balyklaryň 2600-den gowragy we beýleki deňiz jandarlarynyň, suwotularyň ençemesi bardyr. Akwariumyň gurluşy barada aýdylanda, ol ýörite akril aýnasyndan edilendir. Bu material ýokary basyşa çydamly bolup, öz-özünden ýagtylyk bermäge ukyplydyr.

Akwarium aýna liftiň daşyna edilendir. Şonuň üçinem bu ýere gelýänler balyklaryň täsin hereketlerini, deňiz dünýäsiniň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik alýarlar. Suwa çümüjiler balyklary iýmitlendirmek üçin akwariumyň has çuňluklaryna aralaşmaly bolýarlar.

Baýramgeldi REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com