Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Saglygymyz — bagtyýarlygymyz

12-04-2023 / 5025

Dana pederlerimiziň milli mirasymyzyň altyn hazynasynda galdyryp giden käbir parasatly sözlerini ýatlalyň! «Saglygym — baýlygym», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gym­mat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk»Saglygyň gadyryny kesgitleýän bu sözler ynsan üçin iň gymmatly zadyň sagdynlyk we bagtyýarlykdygyny äşgär edýär.

Raýatlaryň sagdynlygy hakynda her pursat aladalanýan hormatly Prezidentimiz döwrüň, tehnologiýanyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen hassahanalary, saglyk merkezlerini halkymyzyň hyzmatyna bagyşlaýar. Mundan 20 — 30 ýyl öň hem lukmançylyk ylmy üçin juda çylşyrymly görünen operasiýalaryň hem ajaýyp döwrümizde juda ýeňil we oňyn netijeler bilen amala aşyrylýandygyna ildeşlerimiz şaýatdyr.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy we durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk we ylmyň täze gazananlary esasynda enjamlaşdyrylan saglyk öýleri we derman senagatyna degişli desgalar guruldy. Olarda ýerli çig mallaryň esasynda uly islegden peýdalanýan dermanlyk serişdeleriň önümçiligi ýola goýuldy.

Gözel paýtagtymyz diňe bir owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki ornuny däl, eýsem, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleriniň bir hökmündäki ornuny hem barha pugtalandyrýar. Paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň bina edilmegi saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Saglygymyz – bagtyýarlygymyzdyr, bagtyýarlygymyz bolsa sagdynlygymyz. Şu goşa bagt hemmäniň başynyň täji bolsun!

Aýjan HEMRAÝEWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com