
Miwedir gök önümler bilen bir hatarda, gök otlary iýmegiň saglyga peýdasy uludyr. Olar işdäňi açyp, süňkleri gurplandyrýar. Ynsan saglygyna zerur bolan dürli witaminler, maddalar gök otlarda köp mukdarda saklanýar.
Ukrop – ýylyň ähli paslynda saglygymyza peýdaly ter gök otlaryň biri bolan ukrop düzüminde peýdaly maddalary saklaýar. Ol A, B, C, E, K, P witaminlerine hem-de mikroelementlere baý bolmak bilen, içegeleriň sazlaşykly işlemegine, ganyň köpelmegine ýardam berýär. Gaýnadylan ukroby peşew çykaryjy ýollaryň kesellerinde, sowuklamada, dümewde, bronhitde, pnewmoniýada ulanmagyň peýdalydygyny bellemek gerek. Ol immuniteti ýokarlandyrýar.
Petruşka – ynsan saglygyna peýdasy uly. Ol aşgazanyň nemli bardasynyň gaýnaglamasynda, demgysmada, bronhitde we nerw ulgamynyň kesellerinde peýdalanylýar. Onuň 50 gramy adamyň süňňüni karotiniň we C witamininiň bir gije-gündizki mukdary bilen üpjün edip bilýär. Nerw hem-de ýürek-damar kesellerini bejermekde arpabadyýan peýdalydyr.
Reýhan – bu oty naharlaryň we işdäaçarlaryň tagamyny artdyrýan hoşboý ysly ter, gök otlaryň hatarynda goýýarlar. Reýhanyň bejeriji hem-de deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy häsiýeti ýokarydyr. Bu hoşboý ysly otda köp mukdarda saklanýan efir ýagy gan aýlanyşygynyň işjeňligini gowulandyrýar, nerw ulgamyny kadalaşdyrýar. Gaýnadylan reýhanyň suwuny sowadyp agzyňy çaýkamagyň dişde dürli keselleri döredýän zyýanly bakteriýalary ýok etmekde peýdasy uludyr.
Şawel – onuň halk lukmançylygynda gany köpeltmekde, göreji ýiteltmekde hem-de ýüregiň kadaly şlemeginde täsiriniň uludygy bellenilýär. Ol, esasan-da, A, B, C witaminlerine baý. Kalsiý, magniý, fosfor, kaliy, demir onuň düzümindäki möhüm elementlerdir. Peýdaly gök otlaryň hataryna girýän, düzüminde köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary ýok edýän maddalary saklaýan turşuja bedeniň kesele garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar.
Ýazgeldi DURDYÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.