Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Göniburçsuz jaýy gördüňizmi?!

10-04-2023 / 5100

Meksikaly ussat arhitektor Hawýer Senosianyň taslamasy esasynda gurlan bu jaýyň içi gowak şekilli bolup, egrem-bugram diwarly otaglardan ybarat. Arhitektor bu jaýy taslanda, tebigatdan ylham alandygyny, ony adam bilen tebigatyň baglanyşygy hasaplaýandygyny aýdypdyr. Bu ýurtda ýerleşýän jaýyň içinde hiç hili göni burç ýokdur. Onda diňe tebigy materiallar peýdalanylypdyr.

Äpet balykgulaga meňzeýän jaýyň daş diwarlary mozaika görnüşinde älemgoşaryň ähli reňkleri bilen öwşün atýar. Otaglara daş düşelen ýodajyklar alyp barýar. Jaýyň merkezindäki myhman otagyna kölegede ösýän otlar we güller bezeg berýär. Aşhanadaky we beýleki otaglardaky mebeller goýy goňur reňkdedir. Penjireleri-de tegelek görnüşde gurlupdyr. Üçekde bolsa gyş bagy ýerleşýär. Hammam jaýy deňiz suwundan bolup, suw şaglawuk görnüşinde aşak akýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com