Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Sport — güýç-gaýratyň we gözelligiň beýany

09-04-2023 / 5100

Ýurdumyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler üpjün edildi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmek hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek üçin niýetlenen degişli döwrebap düzümler döredildi.

Bitarap Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Halkara Olimpiýa komiteti bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, bu guramalaryň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz halkara sport we Olimpiýa hereketini ösdürmäge anyk goşant goşýar. Munuň özi adamlary bahasyna ýetip bolmajak ynsanperwer gymmatlyklaryň töwereginde birleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Aşgabat bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilip, sebit we dünýä derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.

2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Aziadanyň maksatnamasyna welotrek ýaryşlary hem girizildi. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar köpugurly sport toplumynyň ýöriteleşdirilen desgalarynyň birinde — ajaýyp üsti ýapyk welotrekde geçirildi.

2018-nji ýylda bolsa Olimpiýa şäherçesinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şeýle derejedäki giň gerimli çäreleri geçirmek abraýlydyr we örän jogapkärlidir. Aşgabat öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelip, parahatçylyk dörediji şäher, halklaryň we medeniýetleriň gatnaşyklarynyň merkezi hökmündäki wezipesini üstünlikli ýerine ýetirdi.

Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň beýany bolmak bilen, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesli, Watanymyzyň geljegini terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak dürli keselleriň öňüni almak we bejermek, şeýle hem zyýanly endiklerden, hususan-da, adamyň saglygyna uly zyýan ýetirmäge ukyply çilim çekmekden el çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Muhammet BAÝKABULOW,
Köýtendag etrap partiýa komitetiniň partiýa guramaçysy, 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com