
Her ýylyň 7-nji aprelinde tutuş adamzat öz saglygynyň şanyna baýram belleýär. Şol günüň Bütindünýä saglyk güni hökmünde ykrar edilenine indi onlarça ýyl boldy. Soňky 10-15 ýylyň içinde bu baýramyň Türkmenistanda bellenilişi aýratyn uly dabaralara beslendi. Güneşli Diýarymyzda ilatyň saglygy ilkinji nobatdaky zerurlyk hökmünde görlüp, bu baýrama uly ähmiýet berilýär. Bütindünýä saglyk güni milli senenamamyzdan hem özüne orun tapdy.
Adamzadyň saglygyny goramak düşünjesi haýsydyr bir keseli bejermek däl-de, kesellemegiň öňüni almak ýa-da kesellemezlik bilen baglydyr. Hut şonuň üçin hem mundan onlarça ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 7-nji apreli Bütindünýä saglyk güni hökmünde ykrar edildi. Saglyk ― ömrümiziň täji, saglyk ― durmuşymyzyň baýdagy. Watan täji, Watan baýdagy nähili goralýan bolsa, ynsan saglygy hem şeýle mertebelidir, arzylydyr.
Ynsan saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan Türkmenistan bu baýramy esaslandyryjy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridir. Gözbaşyny bu guramadan alyp gaýdan wagyz-nesihat işleri biziň ýurdumyzda hem üstünlikli alnyp barylýar. Bu işler häzirki günlerde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hem giň gerimde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli künjeginde „Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş“, „Ene mähri“ merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda çaga eýýäm enäniň göwresindekä lukmanlaryň gözegçiliginde bolýar. Lukman bilen göwreli zenanlaryň arasyndaky maslahatly söhbetdeşlikler yzygiderli guralýar. Şol babatda-da, zenanyň göwrelilik döwri lukmanyň gözegçiligi esasynda alnyp barylýar.
Çaga dünýä inenden soň, tä kemala gelýänçä, maşgala lukmany enäniň çagany sagdyn terbiýelemek işlerinde ýakyn ynsana öwrülýär.
Bäbegi ýokanç kesellerden goramak maksady bilen, meýilnama esasynda öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Çagany terbiýelemekde gerek bolan maddy üpjünçilik üçin enelere bäbegiň 3 ýaşy dolýança döwlet tarapyndan kömek pullary berilýär.
Ýurdumyzda geçirilýän bu ähmiýetli işler dünýä derejesinde geçirilýän Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatdaky konsepsiýa esasynda alnyp barylýar. Bu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri lukman ýürekli Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň döredip beren giň mümkinçilikleriniň gurşawynda zähmet çekýär. Eneleriň, çagalaryň saglygyny goramak bolsa biziň ählimiz üçin iň jana-jan borçdur.
Tutuş dünýäniň ynsan saglygynyň hormatyna baýram belleýän gününde her biriňize tut ýaly jan saglyk arzuw edýäris! Goý, hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygy, bagtyýar hem sagdyn ýaşaýyş baradaky tutumly başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
Mähri HOJANAZAROWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň 1-nji çaga dogruş bölüminiň bölüm müdiri.