Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Ýer ýüzüniň iň ýaş ýazyjysy

07-04-2023 / 5031

BAE-den 4 ýaşly çaga kitaby çap edilen iň ýaş ýazyjy diýlip yglan edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Habaryň beýan edilişine görä, 4 ýaşyndaky Said Raşed Al-Mheýriniň «Said pil we aýy» atly kitaby 218 günde neşir edilipdir. Ýaş awtor öz kitabynda: «Pil dynç alşa çykýar we şol ýerde ak aýyny görýär. Ol ak aýynyň özüni iýmeginden gorkup oňa bilelikde dynç alyş gurnamagy teklip edýär. Şeýlelikde, olar dostlaşýarlar we birek-birege kömek edýärler» – diýip, belleýär.

Çaganyň Said Raşed Al-Mheýrin dostluk we ýagşylyk barada kitap döretmegi meýilleşdirýär. 4 ýaşly ýazyjynyň rekordy 2023-nji ýylyň 9-njy martynda hasaba alynyp, häzirki wagta çenli kitabyň takmynan, 1000 nusgasy satylypdyr.

Altynaý RUSLANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com