
6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisiň maslahatyna gatnaşmak üçin Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda altynjy we ýedinji çagyrylyşyň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri we beýlekiler ýygnandylar.
Maslahatda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyna degişli birnäçe degişli çözgütler kabul edildi.
«TürkmenGazet».