
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýede işlenip düzülen «Togg T10X» kysymly ilkinji awtoulagyň eýesi boldy. Bu barada «Anadolu Ajans» habar berýär. Awtoulagyň açaryny gowşurmak dabarasy Prezident köşgünde geçirilipdir.
«Şu günden başlap, «Togg» kysymly awtoulaglary köçelerde görüp başlarys» – diýip, Rejep Taýyp Ärdogan belläp geçip, şeýle diýýär: «Togg» kysymly ilkinji elektromobiliň işlenip düzülmegi we öndürilmegi hem-de onuň ýokary derejä çykmagy tehnologiýanyň we ykdysadyýetiň ösen derejesiniň nyşanydyr. Bu awtoulagyň diňe bir Türkiýede däl, eýsem, bütin dünýäde-de uly meşhurlyga eýe bolar diýip ynam bildirdi.
Awtoulagy häzirden 177 müň adam sargyt edipdir. Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň bu ulag boýunça sargydynyň taýýar edilendigi, şeýle-de, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem sargyt edendigi barada habar berilýär.
«Togg» elektrik awtoulagy bir zarýadda 500 km çenli ýol geçip biler. Awtoulag 4,8 sekuntda 100 km / sag tizlige ýetip biler we elektrik hereketlendirijisiniň iň ýokary güýji 400 at güýjüne eýedir.
Zübeýda JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.