Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...

Ösümlik ýaglary

07-04-2023 / 5065

Ösümlik ýaglaryny almak üçin günebakar, raps, gara tmin, gowaça, soýa, künji ýaly ösümlikleriň çigitleri, palmanyň we zeýtunyň hasyly, şaly, bugdaý, mekgejöwen ýaly ösümlikleriň işlenen galyndylary, şeýle hem dürli görnüşli maňyzlar peýdalanylýar.

Bu ýaglar degişli ösümligiň ady bilen atlandyrylýar. Mysal üçin, zeýtun ýagy, künji ýagy, mekgejöwen ýagy, pagta ýagy we başgalar. Olar fosfatidlere we E witaminler toparyna (tokoferollara) baýdyr. Bu ýaglar iýmit üçin hem-de derman, kosmetiki serişdeleri taýýarlamak üçin ulanylýar.

Ösümlik ýaglary häsiýeti boýunça iki topara — gaty we suwuk ýaglara bölünýär. Kenebe meňzeş ösümlikleriň ýaglary beýleki ýaglardan has çalt gurap, gaty görnüşe geçýärler. Çigildeme meňzeş ösümlikleriň ýaglary haýal guraýarlar. Zeýtuna meňzeş ösümlikleriň ýaglary guraman, goýalýarlar. Çakjagunduz ýaglary suwuk ýagdaýyny saklaýarlar.

Ösümlik ýagynyň taýýar önümleri rafinirlenmedik (arassalanmadyk), rafinirlenen (arassalanan) we dezodirlenen (ysy aýrylan) görnüşlerde bolýarlar. Rafinirlenmedik ýag çigitden gysylyp alnyp, ulanyşa taýýarlanylýan suwuk ýagdyr. Rafinirlenen ýag bolsa, ýörite arassalanyp, ondan dürli goşundylar aýrylýar. Ýagdan aýrylan elementler adam iýmiti üçin zyýanlydyr. Aýrylan elementler bilen bir hatarda fosfatidler we beýleki birnäçe ýokumly maddalar hem aýrylýar. Rafinirlenen ýaglar özlerine mahsus bolan yslaryny saklaýarlar. Kosmetiki kremleri taýýarlamak üçin hökmany suratda dezodirlenen ýaglar peýdalanylýar.

Ösümlik ýaglary ösümlikleriň çigidinden we miwesinden alynýar. Olaryň birinde ýagyň mukdary köp, beýlekisinde az bolýar. Mysal üçin, palma hozunyň özeninde 70 göterim ýag bardyr. Soýa tohumynyň massasynyň 40 göterimi ýagdan ybaratdyr. Zeýtundan 15 – 26 göterim, rapsyň çigidinden 33 – 50 göterime çenli ýag alynýar. Bu ýag tagamy we ýokumlylygy boýunça zeýtun ýagyndan pes däldir. Bir tonna pagta çigidinden köp mukdarda ýag alynýar. Künji tohumyndan 40 – 60 göterim ýag alynýar. Mekgejöweniň dänesinde 30 – 50 göterime çenli ýag bardyr. Günebakaryň çigidinde 52 – 57 göterime çenli ýarym guraýan ýag bolýar.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde käbir ösümlik ýaglarynyň gaýnamak derejesiniň sortuna, düzümine, çyglylygyna baglylykda üýtgeýändigi ýüze çykaryldy. Degişlilikde zeýtun ýagy ~ 200 ÷ 250 dereje, mekgejöwen ýagy ~ 150 ÷ 200 dereje, rafinirlenen günebakar ýagy ~ 150 ÷ 200 dereje, rafinirlenmedik günebakar ýagy ~ 120 ÷ 150 dereje gyzgynlykda gaýnaýar.

Adam bedeninde zeýtun ýagy 100 göterim, günebakar ýagy 83 göterim, hoz ýagy 81 göterim, mekgejöwen ýagy bolsa 36 göterim siňdirilýär.

Ösümlik ýaglary iki ýyldan uzak saklanylmaly däldir. Şondan köp saklanylsa, ýag ajaýar. Olary salkyn ýerde çüýşe gapda saklamaly. Ösümlik ýagy plastmassa gaba gaplanan bolsa, açylandan soň, onuň galanyny garamtyl reňkli çüýşe gaba geçirmeli. Sebäbi ýagyň gapagy açylanda, ol kislorodyň täsiri bilen okislenip başlaýar.

Munira BAÝGUZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň buhgalterçilik hasaba alnyş hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com