Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Sport hyzmatdaşlygy — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

06-04-2023 / 5044

Ýurdumyzda guralýan giň gerimli sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan öz Daşary syýasat strategiýasynda parahatçylyk döredijilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde berkitmek bilen ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýär.

Bedenterbiýäniň we sportuň ösüşi «Bedenterbiýe we sport baradaky», «Professional sport baradaky», «Atçylyk we atçylyk sport ýaryşlary baradaky», «Döwlet ýaşlar syýasaty baradaky», «Meýletinçilik baradaky», şeýle-de «Sportda dopinge garşy göreş baradaky» Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ýurtda bedenterbiýe we sport hereketlerini ýola goýmagyň täze usullary kemala gelip ugrady. Ýagny şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esasy goýuldy. 2007-nji ýylda döwlet gurluşynyň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda sport ulgamynda hem özgertmeler geçirilip başlandy. Şol döwürden bäri ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy.

Ýyl-ýyldan amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygynyň ýokary derejelere çykmagyna hem ýardam edýär.

Aýperi BAÝRAMDURDYÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com