Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Paýhas ummanynyň ýolgörkeziji şamçyragy

06-04-2023 / 5051

Kitap — paýhas ummanyndaky ýolgörkeziji şamçyrag. Taryh adamzadyň hat-ýazuwy oýlap tapanyndan soň, hemme ugurda kämilleşip, uly üstünlikleri gazanandygyna şaýatlyk edýär. Ondan ozal jemgyýet üçin peýdaly maglumatlar dilden-dile geçip gelipdir. Ýazuwyň we kitaplaryň döremegi maglumatlaryň ýaýradylmagyny we geljekki nesiller üçin saklanylmagyny üpjün edipdir.

Adamyň durmuşynda kitap irki çagalyk döwründe peýda bolýar. Okamagy we ýazmagy öwrenmänkä ata-eneleriň kitapdan okap ýa-da ýatdan aýdyp berýän ertekileridir rowaýatlary hem-de kitaplardaky owadan suratlar çagalarda bilesigelijiligi, okamaga, öwrenmäge bolan höwesi döredýär. Şeýdip kitaplar biziň çagalyk dünýäsinden uly durmuşa uzaýan ýoldaky iň gowy dostlarymyz bolýar. Olaryň üsti bilen okamagy, dünýä akyl ýetirmegi, başgalaryň duýgularyna düşünmegi we duýgudaşlyk etmegi öwrenýäris. Wagtyň geçmegi bilen ertekileriň ornuny nusgawy edebiýatyň eserleri, olaryň ýerini bolsa ylym-bilim, hünär bilen baglanyşykly kitaplar eýeleýär. Kitaby durmuş hemrasyna öwren adam aň-düşünje we ruhy-ahlak taýdan kämilleşýär, hünär babatda ussatlyga ýetýär.

Ruhy-ahlak gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmek wezipesinden başga-da, kitaplar müňýyllyklaryň dowamynda gazanylan ylmy tejribäniň gorudyr. Eger kitaplar ýazylmadyk bolsa, onda adamzadyň bilimleriniň köpüsi ýatdan çykarylyp, siwilizasiýanyň häzirki ösüş derejesini gazanmak mümkin bolmazdy. Şeýle hakykatdan ugur alsaň, kitaplary adamzadyň iň uly oýlap tapyşlarynyň öň hatarynda goýup bolar.

Gadymy döwürlerde kitaplar diňe akyldarlar we gurply adamlar üçin elýeterli baýlyk bolan bolsa, häzir ýagdaý düýbünden başgaça. Indi olar isleg bildirýän her bir adama gujak açýar. Internet ulgamy bolsa müňlerçe kilometr uzakdaky kitaphanalarda saklanýan kitaplar ýa-da birnäçe gün öň çapdan çykan eserler bilen oturan ýeriňden tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Merjen HALMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com