
Sport ynsanyñ beden we ruhy sagdynlygyna oňyn täsir edýär. Fiziki maşklaryñ we hereketli oýunlarynyñ üsti bilen şahsyýetiñ añ-düşünjesi we pikirlenmesi kämilleşýär, beden rahatlanmasy bolup geçýär.
Bedenterbiýäniñ we sportuñ adam ýaşaýşyna, saglygyna edýän dogry talaplary bedene zerur bolan hereketi üpjün etmek mümkinçiligini döreýär. Bu bolsa janyñ sag bolmagyna we bedeniñ berkemegine getirýär.
Yzygiderli sport bilen meşgullanylanda adamyñ daýanç-hereket ulgamy berkeýär. Has takygy, süñkler, myşsalar we bogunlar gurplanýar. Adamda tizlik, çeýelik, çalasynlyk, güýçlilik we berklik ýaly fiziki mümkinçilikler köpýär. Ähli myşsalaryñ hereketde bolmagy bilen gan aýlanyşy tizleşýär hem-de öýjüklere zerur bolan kislorod ýeterlik mukdarda üpjün edilýär. Adamda madda çalşygy gowulaşýar, ýürek kadaly işleýär. Umumy fiziki maşklardan soñ, beden rahatlygy bolup geçýär. Sagaldyş ýörişi, ylgawy, beden maşklary ýerine ýetirilip bolansoň, adamda şähdaçyklyk döreýär.
Hereketsizligiñ netijesinde myşsalar zerur hereketden mahrum bolýar we adam bedeniniñ ähli ulgamlarynyñ we agzalarynyñ işi ýaramazlaşýar. Şeýle-de az hereketlilik nerw we ýürek-damar ulgamlarynyñ işiniñ we madda çalşygynyñ bozulmagyna, köplenç semizlige getirýär. Az hereketlilik bedende gan aýlanyşygy haýalladýar. Ýüregiñ urşy, arteriýa we wena gan damarlarynyñ işi peselýär. Öýkeniñ ýaşaýyş sygymy we öýkende gan çalyşygy peselýär. Dem alyş ýüzleý bolýar. Nerw ulgamynyñ işjeñligi gowşaýar, bedendäki sarp edilmedik ýaglar we uglewodlar ýag görnüşinde myşsalarda toplanyp bilýär. Bularyñ ählisiniñ netijesinde bedeniñ ýokanç kesellere bolan goranyş güýji we zähmete ukyplylygy pese düşýär we beden tiz garraýar. Netijede adamda gorky, göwnüçökgünlilik, sussupeslik ýaly ruhy ejizlikler döreýär. Şeýle ruhy ejizlikleri ýeñip geçmekde bedenterbiýäniñ we sportuñ ähmiýeti uludyr.
Muhabbet BABAGULYÝEWA,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasynyň kitaphanaçysy.