Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Türkmenistanyň Söwda maglumat portaly» döredildi

05-04-2023 / 5018

2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Söwda maglumat portalynyň açylyşyna bagyşlanan metbugat ýygnagy geçirildi. Bu çäre, Halkara Söwda Merkezi we Türkmenistanyň Söwda we Daşary Ykdysady gatnaşyklar ministrligi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda wekiliýetiniň goldawy bilen gurnaldy. Metbugat ýygnagyna BMG we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň diplomatik korpuslary, içerki kiçi we orta kärhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Söwda maglumat portaly, import, eksport we üstaşyr amallary üçin zerur bolan 250-den gowrak nusga görnüşlerini we resminamalary (ygtyýarnamalar, rugsatnamalar, şahadatnamalar) öz içine alýan onlaýn platformadyr. Bu platforma içerki we daşary ýurt maýadarlary, ösüş hyzmatdaşlary we halkara guramalary üçin hem peýdaly bolar. Mundan başga-da, platforma hökümet karar berýänlere administratiw boşluklary çözmek üçin kadalaşdyryjy we resminama talaplarynyň täsirine baha bermäge mümkinçilik berer.

Şu güne çenli Türkmenistanyň Söwda maglumat portaly, agro-azyk pudagyna we 6 simwol derejesinde 418 TN VED koduna ünsi çekip, Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin strategiki bolan 25 önüm toparyny öz içine alýar. Daşary ykdysady işjeňligiň haryt nomenklaturasy, deklarantlar we gümrük gözegçileri tarapyndan gümrük amallary wagtynda ulanylýan harytlaryň klassifikatorydyr. Import we eksport paçlarynyň nyrhy, harytlaryň haýsy TN VED kody degişlidigine baglydyr.

Sanly söwda platformasy, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna, hususan-da, söwdany ýeňilleşdirmek teswirnamasynyň durmuşa geçirilmegini aňsatlaşdyrmak üçin işlenip düzülipdir.

Sanly söwda platformasy, Halkara Söwda Merkeziniň tehniki kömegi bilen «Ready4Trade Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» taslamasynyň çäginde işlenip düzüldi. Oňa Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi esasy durmuşa geçirýän hyzmatdaşy bolup durýar. Portal 2019-njy ýyldan bäri Täjigistanda, 2021-nji ýyldan bäri Gazagystanda we Gyrgyzystanda, 2022-nji ýyldan bäri Özbegistanda işleýär we 1,5 milliondan gowrak global ulanyjy we Merkezi Aziýada 150 müň ulanyjy bar. Portalyň Türkmenistanda açylmagy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy hem halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän serhetara söwda amallaryna aç-açan girdi. Türkmenistanyň Söwda maglumat portalynyň ornaşdyrylmagy biziň ýurdumyzy halkara söwdasynda dünýä oýunçysy edýär we sebitiň tutuşlygyna halkara bazarlaryna goşulmagy üçin möhüm itergi bolar.

Begenç NURALYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com