Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Saglyk güni – sagdyn durmuş

7-nji aprel - Bütindünýä saglyk güni

05-04-2023 / 5101

Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Saglyk güni – sagdyn durmuş, berk beden we güýçli aňyýet bilen gyzyklanýan her bir adam üçin möhüm baýramçylykdyr.

Bütindünýä saglyk güni öz gözbaşyny 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasynyň güýje girizilen gününden alyp gaýdýar. Şol ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň konstitusiýasy tassyklanýar. 2 ýyldan soňra, ýagny 1950-nji ýylyň 7-nji aprelinden bäri Bütindünýä saglyk güni halkara derejesinde bellenilýär.

Dowamly ösüşler, lukmançylygyň kämilleşmegi we bu ugurda yzygiderli gazanylýan açyşlar netijesinde ynsan ömri uzalýar. Birnäçe ýyl mundan ozal adamlar häzirki wagtda üstünlikli bejerilýän keselleriň pidasy bolupdylar. Şeýle-de bolsa ýeňil bolmadyk, gündelik iş talap edýän lukmançylyk pudagynda çözülmedik meseleler agdyklyk edýär.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzasy boldy. Ýurdumyz Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ilatyň saglygyny goramak we oňa howp salýan faktorlary aradan aýyrmak, dünýäde ýaýran howply ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşi güýçli depginde dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek bilen onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşyp gelýär. Türkmenistan bu meseleleri çözmek boýunça halkara derejede goldanan başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Ýurdumyza halkara güwänamalaryň ençemesiniň gowşurylmagy Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna uly baha berilýändigine güwä geçýär.

Türkmenistan tutuş halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi ählihalk baýramy hökmünde giňden dabaralandyrdy. Sport ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, häzirki zaman sport-sagaldyş desgalarynyň gurluşygyna, syýahatçylyk pudagynyň döwrebap düzüminiň döreldilmegine, bu pudakda bar bolan desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ýurdumyz ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji, şeýle hem bu ugurda ildeşlerimize, öňi bilen bolsa ýaşlara şahsy görelde görkezmek bilen, milli Liderimiz adam we onuň saglygy, abadançylygy ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň tutuş ilatymyza işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikleri açýan «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Goçmyrat PARAHADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com