
Gahryman Arkadagymyz geçen hepdäniň şenbe güni Arkadag şäherinde täze dörediljek futbol toparynyň lybaslarynyň we nyşanynyň nusgalary bilen tanyşdy. Tanyşlygyň barşynda Milli Liderimiz lybaslardyr nyşany we topary döretmek bilen bagly birnäçe gymmatly maslahatlaryny berdi.
«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy nobatdan daşary maslahatyny geçirdi. Onda «Arkadag» futbol toparyny federasiýanyň agzalygyna kabul etmek bilen bagly meselä seredildi. Maslahatda ses berlişik yglan edilip, onuň netijesinde Arkadag şäheriniň adybir futbol topary federasiýasynyň agzalygyna biragyzdan kabul edildi.
Şol gün federasiýanyň edara binasynda Ýerine ýetiriji komitetiň nobatdaky ýygnagy geçirilip, «Arkadag» futbol toparynyň milli ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meselä seredildi. Ýygnagyň netijesinde toparyň şu ýyl Türkmenistanyň futbol çempionatyna we ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşjakdygy tassyklanyldy.
Şeýlelikde Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli çempionatyň we Kubok ýaryşynyň geçiriliş tertibine gaýtadan seretdi. Bu ýaryşlaryň ikisi hem geçen ýyl sekiz topar bilen geçirilen bolsa, şu ýyl ýaryşjak toparlaryň sany dokuza çykar. Bu bolsa Türkmenistanyň çempionatynda her tapgyrda bir toparyň dynç aljakdygyny görkezýär.
«TürkmenGazet».