Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Öwüt-ündew ― terbiýäniň gözbaşy

03-04-2023 / 5052

«Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän pederlerimiziň wesýetlerine uýýan halkymyz nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berýär. Bu meselede danalarymyzyň pähim-paýhasyna, öwüt-ündewleredir atalar sözlerine uýup ýaşamak ählimiz üçin hökmanydyr:

― Öz çagaň seniň ýaly bolmagyna ýa-da seniň isleýşiň ýaly bolmagyna garaşma. Oňa özüň ýaly bolmaga däl-de özi bolmagyna kömek et.

― Sen çagaň üçin näme eden bolsaň, ondan edelenleriň öwezini dolmagyny talap etme. Sen oňa jan berdiň, ol nädip şoňa minnetdarlyk bildirsin? Ol başga birine jan berer, beýleki başga birine. Bu minnetdarlygyň dolanyp gelmeýändigi bolsa kanunydyr.

― Hiç haçan öz öýkäňi, gaharyňy çagaňdan çykarma. Ýogsa, näme ekseň şony hem alarsyň (orarsyň).

― Onuň meselelerine ýokardan ýa-da gapdaldan seretme. Durmuş her kimiň güýjüne görä berlipdir, saňa garanda onuň üçin durmuşyň agyrdygyna, belki has agyrrakdygyna ynan, sebäbi onuň tejribesi ýok.

― Çagany kemsitme. Gaýtam onuň kiçijik üstünligini-de, başarnygyny-da öwmegi başar!

― Adam üçin iňňän wajyp duşuşyklaryň biriniň öz çagalary bilendigini ýatdan çykarma. Olara köpräk üns ber.

― Öz çagaň üçin nämedir bir zady edip bilmeýän bolsaň, özüňi horlama. Eger-de edip bilýän bolsaň ýöne etmeseň, onda gynan. Ýatda saklaň, çaga üçin ähli zat edilmese, beýleki edilenler ýeterlik däldir.

― Çaga ― bu seniň ganyňdan bolan tutuş durmuşyňy eýeleýän zalym däl. Bu durmuşyň saňa saklamaga we onda döredijilik oduny ösdürmäge beren şol gymmat baha jamy. Bu ata bilen enäniň söýgüsi.

― Islendik zehinsiz, edeni ugruna barmaýan çagany-da söýmegi başar. Gaýtam, olar bilen gürleşeniňde şatlan, ony ýylgyrtmaga çalyş. Sebäbi çaga heniz seniň bilen bolýarka onuň üçin toý-baýramdyr.

— Çagaňyza dana bolmasa-da, oňa hiç bolmanda danalar bilen dost bolmagy öwrediň. Şonda ol dostlarynyň hataryna goşular.

― Özgäniň çagasyny-da söýmegi başar. Özüňkä edilmegini islemeýän zadyňy özgäniňkä hiç haçan etme.

Merjen ROZYMURADOWA,
Çärjew etrabynyň Astan Işangulyýew adyndaky 1-nji orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com