Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Keselleri bejermekde diýseň peýdaly

30-03-2023 / 5049

Kädi iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Awgust-sentýabr aýlarynda bolsa hasyl berýär. Kädini güýz we gyş aýlarynda iýmek has-da peýdalydyr. Ylmy barlaglar kädiniň düzüminiň adam süňňi üçin zerur bolan peýdaly maddalara juda baýdygyny tassyklaýar. Onuň etlek böleginde peýdaly maddalar, ýagny karotin, folasin, B toparyň witaminlerine girýän B1, B2, B6 witaminleri, mineral maddalar bolan kremniý, kaliý, magniý, natriý, demir we beýleki mineral maddalaryň mukdary örän köpdür.

Kädidäki askorbin turşusy dümewden saplanmaga, B toparlarynyň witaminleri ýadawlygy, gaharjaňlygy, ukusyzlygy aýyrmaga, A we E witaminleri ýygyrtlaryň öňüni almaga, T witamini agyr naharlary siňdirmäge, semizligiň garşysyna göreşmäge kömek edýär. Ondaky karotin käşir bilen deňeşdirilende 5 esse, sygryň bagry bilen deňeşdirilende bolsa 3 esse köpdür. Şol sebäpli göz kesellerinde kädi iýmek maslahat berilýär.

Merkezi Aziýanyň halk lukmançylygynda kädi deri keselleri üçin hem ulanylýar. Kädi bagyr, böwrek, ýürek-damar kesellerinde hem örän peýdalydyr. Çişi aýyrmaga hem kömek edýär. Buşukdyryjy serişde hökmünde kädi suwundan günde ýarym bulgur içmek maslahat berilýär. Ony süňňüňde duz çalşygy bozulanda, horlanmak üçin, ateroskleroz, garyn-içege, sarygetirme kesellerinde-de ulanyp bolar. Kädide demriň mukdarynyň köplügi sebäpli ganazlykda ulanmak hem peýdalydyr. Bagyr kesellerinde arassalanan çig kädini iýmeklik maslahat berilýär. Eger-de çig iýesiňiz gelmese, ony bugdaý ýarmasy, tüwi bilen garyp, şüle görnüşinde bişirip iýseňizem bolar. Içegeleriň işini kadalaşdyrýandygy üçin kädiniň içgatamada hem peýdasy köpdür.

Bal bilen garylan kädi çigidini soguljanyň garşysyna ulanypdyrlar. Çünki kädiniň çigidiniň düzüminde ýokary hilli iýmit ýagy bolup, onuň mukdary 32-52 göterime ýetýär. Awstriýa, Germaniýa, Rumyniýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda kädi çigidiniň ýagy dürli işdäaçarlary taýýarlamakda hem ulanylýar. Ondan başga-da kädiniň çigidinde sinkiň mukdary köp. Şol sebäpli, sink ýetmezçiligi bilen bagly bolan düwürtige, ýagly goňaga garşy kädi çigidini çigitlemek maslahat berilýär. Kädi iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Awgust-sentýabr aýlarynda bolsa hasyl berýär. Kädini güýz we gyş aýlarynda iýmek has-da peýdalydyr. Ylmy barlaglar kädiniň düzüminiň adam bedeni üçin zerur bolan peýdaly maddalara juda baýdygyny tassyklaýar. Onuň etlek böleginde peýdaly maddalar ýagny, karotin, folasin, B toparyň witaminlerine girýän B1, B2, B6 witaminleri, mineral maddalar bolan kremniý, kaliý, magniý, natriý, demir we beýlekiler örän köpdür.

Selbi OMARKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com