
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, syýasaty netijesinde dünýäniň ösen döwletleri Türkmenistan bilen elektrik energetikasy pudagy babatynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistan döwletimiz energetika ulgamynda däbe öwrülen strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen birlikde, Ýewropa, Aziýa, Günorta — Gündogar ugurlarda göni energetika gatnaşyklaryny barha giňeldýär.
Energiýanyň tygşytly ulanylmagy hem-de önümçilikde maddy çykdajylaryň azaldylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan elektroenergetika düzümleriniň barha artýan isleglerini, şeýle hem dünýä bazarynda energiýa çeşmelerine islegleri hasaba almak bilen döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär. Bu meseleleriň oňyn çözülmegi ýurdumyzyň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz energetika pudagynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de önümçiligi innowasiýalaşdyrmak ýolunda diwersifikasiýalaşdyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny yzygiderli nygtaýar.
Türkmenistan diňe bir sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde elektroenergiýany eksport edýän esasy döwletleriň biri bolmak mümkinçiligine eýedir. Pudakda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär. Önümçilik we durmuş ulgamlaryny ösdürmegiň mäkäm binýady döredilýär. Döwletimiziň goldaw bermegi bilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär, elektrik toguny paýlaýjy kömekçi desgalar gurulýar. Paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär.
Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan energetika hyzmatdaşlygy baradaky meseleleri üns merkezinde saklap, energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ileri tutulýan strategik ugur bolup durýar. Elektrik energiýasynyň öndürilişini, iberilýän ugurlaryny artdyrmak, döwletimizde alnyp barylýan energetika syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Aýlar ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.