Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Nesilleri şu güne alyp gelen ýol

29-03-2023 / 5036

Amyderýanyň kenarynda ýerleşen gadymy Amul topragy medeniýetiň pajarlap ösen ýeri, belli alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, öz döwründe halkyna, Watanyna halal hyzmaty bilen tanalan adamlaryň mekany hökmünde mälimdir. Şeýle bolansoň gadymy Lebap topragynda gadymy döwürlerden tä biziň günlerimize çenli meşhur taryhy-edebi eserleriň ençemesi döräpdir. Olar halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary hökmünde halkymyzyň hakydasyna siňendir.

Gojaman taryhyň dürli döwürlerinde halkymyzyň medeni durmuşyny, taryhy-durmuş tejribesini öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup durýan, asyrlaryň syryny öz süňňüne siňdiren muzeýler durmuşymyzyň düýni baradaky wakalaryň şaýatnamasyna öwrülen gymmatlyklardyr. Türkmenistanda ilkinji “Ýerli tebigat we çägeligi berkitmek” muzeýi Wladimir Awgustowiç Paleskiniň başlangyjy bilen 1898-nji ýylda Farap stansiýasynyň sebitinde döredilýär. Onuň döredilmegi şol döwürde Türkmenistanyň çägi boýunça geçýän Merkezi Aziýa demir ýolunyň gurluşygynyň meseleleri bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Demir ýoly çäge syrgynyndan goramak baradaky öz döwrüniň wajyp meselesini çözmek maksady bilen Zakaspi oblastynyň administrasiýasy 1895-nji ýylda Sankt-Peterburgyň tokaýçylyk institutyny tamamlan W.A.Paleskini bu ýere hemişelik işe çagyrypdyr. Şeýlelikde, bu ýaş hünärmeniň tagallasy esasynda çägeligi berkitmek boýunça dünýäde ilkinji geçirilen işler bilen baglanyşykly maglumatlary toplamak we olary tejribede synamak üçin “Ýerli tebigat we çägeligi berkitmek” muzeýi döredilipdir. Onda Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsini gowy bilýän alymlar tarapyndan dürli gerbariler hem-de beýleki maglumatlar toplanylypdyr. Bu muzeý 1921-nji ýylda Farapdan Aşgabat şäherine geçirilipdir.

Dünýä ylmynyň, adamzat jemgyýetiniň ösen häzirki döwründe muzeý düşünjesiniň many-mazmuny has giňedi. Muzeýlere aýlanyp görmek kalbyňda öz geçmişine aýlanyp gören ýaly ajaýyp we ýatdan çykmajak täsirli duýgyny oýarýar. Ol ýerde  ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy aýratynlygy, öý-ojaga wepaly türkmen zenanlarynyň  ajaýyp el işleri, her bir çitimi durşuna syr bolup duran haly we haly önümleriniň dürli görnüşleri, gadymy ekerançylyk medeniýeti, asyrlar aşyp gelýän mukaddes däp-dessurlar, yrym-ynançlar, halkymyzyň medeni durmuşyna dahylly gymmatlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup bolýar.

Şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmekde we ýaş nesliň milli mirasymyza sarpa goýmagyny gazanmakda hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň welaýatlaryň çäklerinde ýerleşýän gadymy taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi we tapylan gymmatlyklaryň  döwlet muzeýlerine  tabşyrylmagy muzeý gaznasyny baýlaşdyrylmak bilen  bir hatarda,  milli gymmatlyklarymyzy  çuňňur öwrenmekde uly itergi bolup  durýar. Türkmenistanyň muzeý işiniň gözbaşyny alan ýeri bolan welaýatymyzda häzirki wagtda hem geçmiş taryhymyzyň şöhratly wakalaryndan habar berýän eksponatlar bilen bezelen kaşaň binada Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýerleşýär. Bu muzeý ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň milli gymmatlyklary goralyp saklanylýar. Muzeýleriň altyn hazynasyny düzýän gymmatbaha metallardan ýasalan  we  beýleki  esbaplar – dürli döwrüň wakalarynyň şaýady bolan arheologik tapyndylar, taryhy resminamalar, türkmen topragynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, ýurduň ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklary hakynda söz açýan eksponatlar, türkmeniň dünýä nusgalyk naýbaşy milli gymmatlygy bolan haly we haly önümleriniň dürli görnüşleri, ýurtda seýrek duş gelýän geologik tapyndylar halkyň geçmiş we şu günki medeniýetiniň ösen derejesinden habar berýär.

Geçmiş — nesilleri şu güne alyp gelen ýol. Şonuň üçin hem ol hemişe arzyly, hemişe gymmatly. Şan-şöhratly geçmişimizi sarpalamakda, ony ähli ezizligi bilen geljek nesillere ýetirmekde görkezýän belent göreldesi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýäris.

Mahmal GOŞAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 28-nji  orta mekdebiň taryh mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com