Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Arkadag şäherine bagyşlanan brifing geçirildi

29-03-2023 / 5038

28-nji martda Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Brifingde Arkadag şäheriniň ekologik taraplaryna aýratyn üns çekildi. Şäheriň guruljak ýeri saýlanylanda, tebigy landşaft, daşky gurşaw ýaly şertler göz öňünde tutuldy. Adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňyn şertleriň döredilmegi, innowasion, interaktiw tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bu şäheriň tapawutly aýratynlygydyr. Şeýle hem şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda, bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigini bellemek gerek. Munuň özi häzirki döwürde ýaşlara Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini görkezýär. Şeýle-de ýakyn wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça bäsleşigiň geçiriljekdigi barada habar berildi.

Brifingiň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri daşary ýurtly gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com