
Ýurdumyz suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlary öňe sürüp, adalatly ýörelgä yzygiderli eýerýär. Şoňa laýyklykda, suw dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygy bolup durýar, arassa içimlik suwuň elýeterliliginiň adalatly şertleri bolsa her bir adamyň esasy hukugydyr.
Türkmenistan şu ýörelgelerden ugur alyp, yzygiderli çykyş etmek bilen, bu meseläniň ýurtlaryň her biriniň bähbitlerini nazarda tutup hem-de abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda çözülmelidigini hemişe beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä suw serişdeleriniň güni hökmünde yglan edilipdi. Şeýle halkara gününiň yglan edilmeginiň düýp maksady suw ýetmezçiliginiň öňüni almak we süýji suw çeşmeleriniň ähmiýetini görkezmekden ybaratdyr. Bütindünýä suw serişdeleriniň güni, BMG-niň durnukly ösüş maksatlarynyň 6-njy maksady bolan «Arassa suw we arassaçylyk» atly maksadynyň durmuşa geçirilmegine hem ýardam berýär.
Häzirki wagtda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamakda, damjalaýyn suwaryş usulyny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, suwuň bisarpa ulanylmagyny aradan aýyrmakda, şeýle hem ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmakda, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň alyp barýan suw diplomatiýasy dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar. Bu ugurdaky wajyp maksatlar suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, suw serişdelerini sazlaşykly dolandyrmakdan we ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Suw adam bedeni üçin hem peýdalydyr. Suw iýmitiň siňdirilmegi, myşsalaryň gysylmagy, kislorod we ýokumly maddalary beden öýjüklerine daşamak, bedeni galyndy materiallaryndan arassalamak we bedeniň temperaturasynyň deňagramlylygyny saklamak üçin zerurdyr. Mundan başga-da, iç gatamagynyň öňüni almak, deriniň çyglylygyny goramak, bedende toplanan artykmaç ýaglary aýyrmak we bedende suw ýygnamagynyň öňüni almak üçin her gün ýeterlik suw içmeli.
Suw — adam bedeniniň her öýjüginiň 75 göterimini tutýar.
Eziz MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.