
26-njy martda ýurt üçin ähmiýetli, halk üçin bähbitli wakalaryň biri — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.
Mejlisiň deputatynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzasynyň bir ornuna birnäçe dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, bu gezekki saýlawlar, ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýanlyk ýagdaýynda geçdi.
Bu gezekki saýlawlara uly taýýarlyk işleri geçirildi. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 515-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2001-si, Geňeşleriň agzalygyna bolsa dalaşgärleriň 12 müň 98-si hem-de syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan Mejlisiň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň 258-si hasaba alyndy. Dalaşgärleri hödürlemek çäresi ilatyň ýokary işjeňliginde geçdi. Munuň özi ýerlerde talabalaýyk guramaçylyk işleriniň geçirilmeginiň netijesidir.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan saýlaw uçastoklarynyň hemmesi ses bermek üçin bellenilen wagtda gapylaryny açdy. Aşgabat şäherinde 312, Ahal welaýatynda 365, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 536, Lebap welaýatynda 567, Mary welaýatynda 550 saýlaw uçastogy döredildi. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ses bermäge gatnaşmak üçin 3 million 496 müň 304 saýlawçy bellige alyndy. Uçastok saýlaw toparlary tarapyndan welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 3 million 483 müň 397 saýlawçy, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň 2 million 566 müň 82-si bellige alyndy.
Saýlaw çäreleriniň barşyna monitoringi ähli saýlaw uçastoklaryna baryp gören halkara we milli synçylar amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda BMG-den, GDA-dan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleriniň bardygyny bellemek gerek. Olaryň baha bermeklerine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçdi.
Umuman, saýlaw günündäki çäreler milli demokratiýamyzyň has-da dabaralanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, häzirki türkmen jemgyýetinde çuň özgertmeleri durmuşa geçirmegiň binýatlyk esaslarynyň üpjün ediljekdiginden nyşandyr.
Goý, döwletimiziň demokratik-hukuk binýady has-da berkesin! Parahat ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende galdyrjak, halkymyza mynasyp hyzmat etjek dalaşgärler saýlansyn!
Ogulsuraý BABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.