Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Döwletli çözgütleriň beýany

27-03-2023 / 5109

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy.

Häzirki wagtda-da bu pudakda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Geçen 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen ýene-de bir taslamanyň – Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezininiň açylyp, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Bu desga energetika enjamlaryny abatlamakda we hyzmat etmekde täze tejribe hökmünde baha bersek has ýerine düşer. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi enjamlaryň ýokary hilli abatlanylmagyny hem-de uzak möhletleýin ulanylmagyny üpjün eder. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz hem-de doly güýjünde işledilmegine ýardam berer.

Haýsydyr bir täze haryt edinsek ýa-da durmuşymyzda islendik täzelik bolsa, şonuň öňkümizden aýratyn taraplary köp soralagan bolýar. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezinde hem özboluşly aýratynlyk näçe diýseň bar. Ol özüniň mümkinçiligi we kuwwaty babatda ýokary görkezijilere eýe bolup, Merkezi Aziýada şu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş merkez hökmünde hasaba alyndy. Bu babata merkeze degişli halkara güwänamanyň gowşurylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, merkeze durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy, bu desganyň ýokary hilli we talabalaýyk gurlandygy, ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamalaryň berilmegi onuň ähli babatda ýokary amatlyklara eýedigini görkezýär.

Elbetde, uly taryh pursatlardan düzülýär. Şeýle ägirt desganyň gurulmagy tutuş ýurdumyzyň, aýratyn-da, energetika pudagynyň taryhyna altyn harplar bilen möhürlendi.

Täjibossan JOMYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com