Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Suw akar — älem bakar

26-03-2023 / 5126

Ýaşaýyş-durmuşymyzda suw esasy zerurlyklaryň biridir. Türkmen topragy hem bereketli suw serişdelerine eýe. Pederlerimiz suwuň her damjasyny altyn dänesine deňäp, gadyrlapdyrlar. Onuň bisarpa ulanylmagyna, harlanmagyna ýol bermändirler.

Gahryman Arkadagymyz «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly ajaýyp eserinde: «Parasatly pederlerimiz suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin emeli derýalary, ýaplary, akabalary, köllerdir howdanlary, kärizleri we başga-da köp sanly suwaryş ulgamlaryny gurupdyrlar. Eşrepi suwuň ýeke damjasyny hem isrip etmän peýdalanmaga çalşypdyrlar» diýip ýazýar. Ata-babalarymyzyň bu asylly däplerinden ugur alnyp, häzirki döwürde hem ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini netijeli çözmegiň başyny başlaýjy bolup durýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de Milli we sebit derejelerindäki beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilýär, tebigy süzgüçleriň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde ony oba hojalyk toplumynyň hajatlary üçin gaýtadan ulanyp bolar. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, zeý suwlaryny sowmak we ýerleriň şorlamagy, täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlary giňeltmek, şeýle hem gök ekinleri suwarmak, tehniki hajatlar bilen bagly meseleleri çözmäge ýardam eder.

Geljekde dünýäde we ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, olary köpeltmek, howany, topragy, suwy arassa saklamak boýunça tutumly işler durmuşa geçiriler.

Nurjemal PIRIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com