
Sanly ykdysadyýete, başgaça «elektron ykdysadyýet» hem diýip bolar. Onuň esasy aýratynlygy, ykdysady işiň sanly tehnologiýalara daýanyp ýerine ýetirilmegindedir. Bu ýagdaý ykdysady özgertmäniň netijesinde, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna, dünýägaraýyşlaryny kämilleşdirmeklerine düýpli derejede täsirini ýetirýär.
Sanly ykdysadyýet ulgamy halk hojalygynyň saglygy goraýyş, bilim, bank ulgamlary ýaly ençeme pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, internet, ykjam (mobil) we sensor torlary, maliýe we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuterleri, smartfonlary we beýleki gurluşlary peýdalanmak, işewürligiň giň görnüşleri, elektron meýdançalary, aragatnaşyk portallary we beýlekileri ulanmak diýmekdir. Bu ugur arkaly halk hojalygynyň işleriniň netijeliligi ýokarlanyp, özara gatnaşyklar ýygjamlaşýar, bazar ykdysadyýeti şertlerinde esasy gymmatlyk saýylýan wagt tygşytlanýar. Bazar gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolan meýilnamalary takyk we tiz ýerine ýetirmek mümkinçiligi ýokarlanýar, elektron resminamalaryň elýeterliligi, dürli amallary islendik ýerden amala aşyrmak mümkinçilikleri artyp, olaryň goraglylygy — kiberhowpsuzlyk gazanylýar. Mysal üçin, neýrotehnologiýalar, blokçeýnler (ýazgylaryň paýlanýan ulgamlary), kwant tehnologiýalary, senagat interneti, robototehnikalar we sensor kompýuterleri, simsiz aragatnaşyk, wirtual we uly göwrümli maglumatlaryň seljermesi hem-de beýlekiler sanly maglumat-aragatnaşygyň esasyny düzýär. Diýmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasy häzirki zaman dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň hataryna degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu ugurda netijeli tagallalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Geçen gysga döwürde dürli pudaklarda sanly ykdysadyýet üçin binýatlyk işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Mysal üçin, aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudaklarynda 3G, 4G, 5G tizlikli interneti we beýleki ulgamlary ulanmak arkaly hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy babatynda netijeli işler durmuşa geçirildi, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi, elektron hökümet ulgamynyň maksatnamasy amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň geriminiň giňeldilmegine mümkinçilik berýär.
Biziň häzirki ýaşaýan maglumat jemgyýetimizde önümçilige garanyňda hyzmat ulgamy agdyklyk edýär. Hut şol sebäpli-de, maglumat tehnologiýalary durmuşymyzda esasy orny eýeleýär. Internetiň barha ösmegi we elýeterli bolmagy sanly ykdysadyýetiň hil derejesini alamatlandyrýar. Bu gün biz durmuşymyzy sanly ulgamyň mümkinçilikleri bolmazdan göz öňüne getirip bilmeýäris. Biziň gündelik durmuşymyza düýpli ornaşan bu ýagdaý, öňi bilen, ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösüş depgininiň ýokarydygyny alamatlandyrýar.
Amangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.