
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde emele gelýän Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ynamly ädimlerini alamatlandyrýar. Bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi esasy ýörelge bolup durýar. Bu innowasion taslamany amala aşyrmakda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ölçegleri öz beýanyny tapýar.
Ýaşlarymyzyň mynasyp hünärmenler, ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny üstünlikli dowam etdirjek nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin olara berilýän bilimleriň terbiýeçilik işleri bilen sazlaşykly alnyp barylmagyny guramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň gurluşygynda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň täzeçil pikirlerini we garaýyşlaryny öwrenmek, olaryň tekliplerini işjeň ulanmak babatdaky öwüt-nesihatlary döwrümiziň ösüşlerine mynasyp derejede başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir.
Milli Liderimiz «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp eserinde nesilleri ýetişdirmek babatda: «Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem uly wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki «halypalar» diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr. Halkymyz öz nesillerini geçmişde-de şeýdip ýetişdiripdir. Ata-babalarymyz öz nesillerini, ine, şu taýsyz nusganyň — hünär, düşünjelilik, zerur dilleri öwrenmek, Watany jan-dilden söýmek, tutanýerlilik, zehiniňi ýerinde ulanmak we zähmetsöýerlik babatdaky beýik mekdebiň, beýik ruhy akademiýanyň gujagynda ýetişdiripdirler» diýip nygtaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halypalygynda hormatly Prezidentimiz nesillerimiziň başarjaň hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Şeýle ajaýyp şertlerde okaýan, tälim alýan ýaşlarymyz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrüň iri gurluşyklaryna gatnaşmak bagtyna eýe bolýarlar. Täze senagat zolaklarynda döredilen döwrebap mümkinçilikli iş orunlarynda zähmet çekip, özleriniň zähmet üstünlikleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar.
Gülzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.