Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuş

Dürli keselleriň öňüni almakda peýdaly

24-03-2023 / 5104

Ysmanak gadym döwürden bäri dünýäniň ähli künjeginde iýmit hökmünde ulanylyp gelýän, witaminlere, mikroelementlere, şeýle-de gan damarlarynyň gatamaklygynyň öňüni almakda uly ähmiýeti bolan omega-3 ýagyna baý ösümlikdir. Ysmanak dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde ir döwürden bäri peýdalanylyp gelnipdir. Onuň ganazlygy bejermekde, gan basyşyny, ýürek urşuny kadalaşdyrmakda, beýni öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni almakda, ýatkeşligi gowulandyrmakda, çalt pikirlenmekde, içgatama ýaly ýagdaýlarda peýdasy uludyr. Ysmanak bedeniň alyş-çalyş hadysalaryny gowulandyryp, bedendäki zäherleýji maddalaryň çykmagyna, şeýle-de, öthaltada ýygnanan ödüň bölünip çykmagyna uly ýardamçydyr.

Ysmanakdan dürli tagamlar taýýarlananda, şu maslahatlar berjaý edilse, saglygyňyza zyýan gelmez:

– ysmanak taýýarlanylanda, onuň ýapraklary, baldaklary ýaş we arassa bolmaly. Şonuň üçin ilki gyzgyn suw akydyp, soňra sowuk suwda ýuwmaly;

– azot turşuly duzy köp bölünip çykýanlygy sebäpli, taýýarlanan ysmanagy 24 sagatdan köp saklamak bolmaýar;

– ysmanagyň düzüminde bar bolan şäwel turşusynyň bedende daşlaryň döremegine getirip bilýändigi anyklanandyr. Şonuň üçinem ony hepdede 3 gezekden köp iýmeli däldir;

– aşgazanda, onkibarmak içegede ýara bolan halatynda, keseliň ýitileşen döwründe bu ösümligi ulanmaly däl;

– göwreli gelinler ysmanagy lukmanlaryň maslahaty boýunça ulanyp biler;

– ysmanagy 3 ýaşa ýetmedik çagalara iýmek bolmaýar;

– bogunlaryňyzda çiş ýa-da bedeniňizde guryagyry bar bolsa, ysmanagy ulanmak maslahat berilmeýär;

– böwrekde, öthaltada daş bolsa ýa-da podagra keselinden ejir çekýän bolsaňyz, bu ösümlikden daşda durmalysyňyz;

– gan lagtalanmasy pes bolan näsaglara ysmanagy iýmek gadagandyr;

– içgeçme kesellerinden ejir çekýänler hem bu ösümlikden peýdalanmasalar, dogry bolar.

Her bir ynsan witamini we mikroelementleri saklaýan gök önümleri her gün ulanjak bolsa, olar barada ýönekeý maglumatlary bilmelidir. Ösümliklerden, gök önümlerden dürli tagamlar taýýarlananda, öz saglyk ýagdaýlaryňyzy göz öňünde tutup, lukmanlaryň maslahatyny alsaňyz, dogry bolar.

Abdujelil MUHTAROW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com