Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Suw sazlaýjy-böwetleýji täze desga açdyldy

23-03-2023 / 5069

22-nji martda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde, Garagum derýasynyň 1006-njy kilometrliginde geçirijiligi sekuntda 68,2 kub metre barabar bolan suw sazlaýjy-böwetleýji täze desga dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Munuň özi Balkan welaýatynyň oba hojalykçylarynyň durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy.

Garagum derýasynyň 1002-nji kilometrligindäki 5-nji Suw göteriji toplumyň suwunyň derejesini ygtybarly sazlamak üçin niýetlenen täze desga günbatar sebitiň ekin dolanyşygyna girizilen müňlerçe gektar meýdanlaryny suwaryşyň gyzgalaňly möwsüminde suw bilen kadaly üpjün etmekde juda uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylmytaslama» instituty tarapyndan taýýarlanan bu möhüm taslamany Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Suw ulgamlaryny we desgalaryny gurmak boýunça Merkezi direksiýasynyň buýurmasy esasynda Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagum Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň hünärmenleri bildirilýän talaplara laýyk amala aşyrmagyň hötdesinden geldiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com