Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

23-03-2023 / 5037

22-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Myhman hem-de wekilçilikli toparyň agzalary tamamlaýjy tapgyra gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde merkezi saýlaw topary tarapyndan ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy. GDA-nyň synçylar toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Toparyň düzüminde Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentarileri, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynda uly özgertmeler amala aşyrylyp, ol halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýär. Dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan jemi üç syýasy partiýa: Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýa peýdalandy. Şeýle hem raýatlar toparlary öz dalaşgärlerini hödürlediler. Saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak, telewideniýede, radioda, metbugat neşirlerinde çykyş etmek üçin dalaşgärleriň ählisine deň hukuklar we mümkinçilikler döredildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com