Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Gury iýmişleri suwda goýuň…

23-03-2023 / 5027

Hoz we badam ýaly gury iýmişleri iýmezden ozal suwda goýmak  has peýdaly bolup biler.

Hoz we badam ýaly gury iýmişler sagdyn ýaglary we düzümindäki beýleki iýmit gymmatlyklary bilen deňagramly iýmitlenmegimiz üçin möhüm bolup durýar. Lezzetli tagamy bilen örän oňat iýmit bolsa-da, olary bolşy ýaly iýmezden ozal azajyk suwa batyryp bilersiňiz!

Eýsem, näme üçin gury iýmişleri suwda goýmaly?

Gury iýmişler adatça uzak wagtlap saklanýar. Olary iýmezden ozal, suw bilen ýuwmak, toplanan toprak we şuňa meňzeş hapalardan arassalamaga kömek edýär. Gury iýmişler ýuwulanda ýokumlylygy has-da ýokarlanýar.

Taninler – däne, banan we alma ýaly miwelerde we hozlarda duş gelýän fenolik birleşmedir. Bu hozuň uzak wagtlap saklanmagyny üpjün edýän ösümlik serişdedir. Gynansagam, bu maddalar bedenimizdäki iýmit siňmeginiň öňüni alýar. Şeýle-de, taninler iýýän beloklarymyz bilen toplumlary emele getirýär. Bu toplumlary siňdirmek kyn bolup durýar. Taniniň köp mukdary hatda demiriň bedeniň siňmegine-de ýaramaz täsir edip bilýär. Hozlarda tapylan taninler bilen baglanyşykly başga bir mesele, köpleriň göwnünden turmaýan biraz ajy tagam bermegidir. Suwda saklamak munuň öňüni alyp biler.

Iýmit siňdirişini aňsatlaşdyrýar. Geçirilen barlaglaryň netijesi, badam ýaly hozlaryň hem berk gurluşynyň bardygyny we iýmit siňdiriş wagtynda aşgazanyň olary siňdirmekde kynçylyk çekýändigini görkezýär. Aslynda, çig badamyň dokumasy iýmit siňdirilenden soň üýtgewsiz galýar. Aşgazan, iýmit siňdiriş meselesi ýa-da glýuteniň duýgurlygy bar bolsa, hozlary siňdirmek olary siňdirmegi has aňsatlaşdyryp biler.

Gury iýmişleri bir gije suwa batyrmak, olary iýmezden ozal ýeterlikdir. Emma bu suwy soňundan içmek gowy pikir bolup bilmez. Bu suwuň düzüminde hozdaky tozanlar we taninler bolup biler!

Ybraýym KULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com