Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Atanyň ogluna nesihatlary

22-03-2023 / 5091

Oglum, “näme aýtsamkam” diýip pikirlenmek, “name üçin aýtdymkam” diýip ökünmekden gowudyr.

Oglum, akylly adam bilen azaşmarsyň, akmak bilen akylly bolmarsyň.

Oglum, akmak bilen şerap içeniňden, akylly bilen daş daşa.

Oglum, ýüregiňde bişirilmedik söz diliňe gelmesin. Sebäbi aýdan sözüňe büdräniňden, pikir-oýunda büdräniň gowudyr.

Oglum, eýesinden gaçyp, seniň yzyňa düşen iti daş atyp kow.

Oglum, ýüregiň kör bolanyndan, gözüň kör bolsun. Sebäbi görejinden mahrum bolan adam ýörejek ýoluny saýgarmagy öwrenýär, emma ýüregi kör adam welin, göni ýoldan sowlup, çarkandakda sermener ýörer.

Oglum dostlaryň senden daşlaşmazlygy üçin, dostlaryňdan çetleşme.

Oglum, ýakyn dost yrak dogandan gowudyr. At-abraý owadanlykdan gowudyr. Sebäbi at-abraý ebedilik galýar, owadanlyk bolsa solýar hem ýitip gidýär.

Oglum, igençli sözüňi içiňde sakla, şonda göwrümiň giňän ýaly bolar. Bardy-geldi şol sözi diliňe çolasaň, dostuňdan jyda düşersiň.

Oglum eger-de duşmanyň bilen sataşanyňda, ol erbet niýetde bolsa, sen ony pähimiň güýji bilen ýaragsyzlandyr. Sebäbi pähim iň güýçli ýaragdyr.

Oglum, öz eliňdäki gaz süňki kişi elindäki bütin gazdan gowudyr. Eliňdäki ýekeje guş asmanda perwaz urup ýören müň guşdan gowudyr.

Oglum, lybasy täzäniň gepi geçginlidir, şylha geýimliniň gepi alga alynýan däldir.

Taýýarlan: Askar BABAMURADOW,
 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com