Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

23-nji mart – Bütindünýä meteorologiýa güni

22-03-2023 / 5030

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 23-nji martynda dünýä meteorologiýa jemgyýetçiligi öz hünär baýramy bolan «Bütindünýä meteorologiýa gününi» giňden belleýär. 1950-nji ýylyň 23-nji martynda Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Konwensiýasy güýje girip, bu resminamanyň esasynda bu gurama döredildi. Häzirki wagtda onuň agzalygyna dünýä döwletleriniň 187-si hem-de 6 sany territoriýa girýär.

Guramanyň esasy wezipesi howa we suw meselelerini çözmekden ybaratdyr. Bütindünýä meteorologiýa guramasyna agza bolan döwletler öz arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk alyp baryp, atmosferanyň, gury ýeriň, deňizleriň, ummanlaryň, derýalaryň ýagdaýy barada maglumat alyşýarlar. Alnan maglumatlaryň esasynda bolsa, howa maglumaty taýýarlanylýar. Howply gidrometeorologiýa hadysalary barada öňünden duýdurylýar. Guramanyň esasy üstünlikleriniň biri bolsa, howany öwrenmek boýunça bütindünýä maksatnamasynyň hem-de Bütindünýä howa gullugynyň döredilmegi bolup durýar. Onuň netijesinde bolsa biz gündeki günde ýakyn geljekdäki howa şertlerine taýyn bolmagymyza kömek edýär.

Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň esasy iş ugry dürli ýurtlara meteorologiýa we gidrologiýa hyzmatlary ýerine ýetirmekde ýardam bermekdir. Howanyň üýtgemeginiň mümkin boljak täsirleri barada maglumaty ýaýratmak maksady bilen hünär baýramy geçirilýär. Çünki şu günki günde howanyň çalt depginde üýtgemegi adamzadyň duçar bolan iň uly ekologik meseleleriniň biri bolup durýar.

Şu ýylyň mowzugy: «Global azyk ulgamyny goldaýan ölçegler» bolup, ol howanyň üýtgemeginiň barha artýan kynçylyklary, 2022-nji ýylyň ahyrynda ilaty 8 milliard bolan dünýäde azyk önümleriniň paýlanyşy sebäpli saýlanylypdyr. Has giňişleýin aýdanymyzda, meteorologiýa – ölçeg ylmy, ylmy açyşlarda we innowasiýalarda, senagat önümçiliginde we halkara söwdasynda, ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmakda we dünýä gurşawyny goramakda esasy rol oýnaýar.

«Erbet howa ýokdur, eger-de gowy taýynlyk görülse, howanyň her bir görnüşi oňatdyr».

Durdymyrat ŞYHMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com