
Geçen ýyl futbol boýunça Dünýä çempionaty geçirilen Katarda häzirki wagtda şeýle iri çäreleriň ýene-de biri geçirilýär. XII Halkara tagam festiwaly (QIFF) Katarda öz işini üstünlikli amala aşyryp, 21-nji marta çenli dowam eder.
«Lusail Al Sa´ad Plaza» -da geçirilýän festiwalda dürli ýaşdaky myhmanlar üçin gyzykly güýmenjeler gurnalypdyr. Feýrwekleriň şowhuny, aşpezlik ussatlygyny synap görmek isleýänler üçin hem dürli bäsleşikler geçirilýär. Festiwala barýan myhmanlar Meksikan takosy ýa-da Liberýanyň tüwüden taýýarlanan çöregi ýaly dünýäniň ýüzlerçe tagamyny dadyp görmekden hem-de dünýäniň iň yssy ýerleriniň biri bolan Katarda buzuň üstünde taýyp lezzet alyp bilerler.
Mundan başga-da, festiwal meýdançasynyň bir böleginde weganlar üçin diňe wegan naharlary bolan bölek ýerleşdirilipdir.
«TürkmenGazet».