
Häzirki wagtda energetika pudagynyň işgärleri elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy kiçi stansiýalary gurup, şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamlaryny täzelemek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Bu bolsa içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge we goňşy ýurtlara elektrik energiýasynyň iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilen, önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna hem-de merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna täsir edýän çeşmeleriň naýbaşysy elektrik energiýasydyr. Elektrik togunyň ýurdumyzda sarp edilişiniň we daşary ýurtlara eksport edilişiniň möwsümleýin we gije-gündiziň dowamyndaky hasabaty berk ýöredilýär.
Milli ykdysadyýetimizde kompýuter, internet we elektron maglumatlar, telearagatnaşyklar ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini barha artdyrýar. Elektrik energiýasy dünýäde yzygiderli dowam edip duran ýaşaýyş-önümçilik zerurlygy bolup durýar. Şeýle bolansoň ony tygşytly, aýawly ulanmak möhüm işleriň biridir.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ählitaraplaýyn ösmegi, täze önümçilikleriň hatarynyň artmagy, döwlet eýeçiligine dahylly däl pudagyň giňemegine goldaw berilmeginiň netijesinde döreýän kärhanalaryň köpelmegi, şeýle hem ilatyň sarp edijiliginiň işjeňleşmegi bilen baglanyşykly elektrik energiýasyna bolan isleg hem has artýar. Ýurdumyzda sarp edijileriň elektrik energiýasyna we beýleki energiýa serişdelerine bolan zerurlyklarynyň ýylsaýyn köpelýändigine garamazdan, elektrik energiýasyna bolan isleg durnukly kanagatlandyrylýar.
Laura ORUNBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.