Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Il-halkyñ bir iş tutsa…

19-03-2023 / 5073

Bilşimiz ýaly, şu ýylyñ 26-njy martynda syýasy ähmiýetli çärä taýýarlyk görülýär. Şol gün biziñ ýurdumyzda Mejlisiñ deputatlarynyñ, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyñ we Geñeşleriñ agzalarynyñ saýlawlary geçiriler. Bu syýasy çäräniñ döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary ähmiýeti bar. Milli kanunçylygymyzyñ, demokratik ýörelgelerimiziñ barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýan saýlaw möwsüminiñ çäreleriniñ we saýlawlar gününiñ ýaş nesilleriñ terbiýesine hem täsir edýändigini bellemeli.

Syýasy çäreler ýaş türkmenistanlylarda özygtyýarlylyga, jemgyýetiñ sazlaşykly ösüşine, milli kanunçylygyñ hökmürowanlygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem syýasy ähmiýetli wakalaryñ baý guramaçylygy, ýokary jogapkärçiligi, milli aýratynlyklary we baýramçylyk alamatlary nesilleriñ dünýägaraýyşyny pugtalandyrmaga itergi berýär.

Saýlamak we saýlanmak hukugyna eýe bolmak bilen kanunda bellenilen ýaşy dolan raýatlaryñ bolsa çärelere gatnaşmaklary olaryñ jemgyýetde we döwletde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Esasan hem şeýle mazmunly wakalar türkmen ýaşlarynyñ watançylyk ruhuny galkyndyrmakda oñyn täsirlidir. Ählihalk bolup tutulýan haýyrly işlere gatnaşmak ýaşlarda agzybirlige, birek-birege sarpa goýmaga, ynanmaga bolan garaýyşlary çuñlaşdyrýar. Il-ulus bilen toý ruhly wakalara şaýat bolup, onda öz ornuñy tapmak her bir ýaş nesil üçin uly derejedir.

Ýeri gelende bellesek, şeýle çärelere ilkinji gezek gatnaşyp mynasyp dalaşgäre öz sesini berýän ýaş raýatlar gyzgyn gutlanýar, höweslendirilýär. Munuñ özi ýaş nesilde mundan beýläk hem döwletiñ we halkyñ hem-de kanunyñ öñünde öz borçlaryny we hukuklaryny duýmaga çagyrýar. Bu bolsa ýaşlaryñ hukuk medeniýetiniñ kemala gelmeginde oñyn ähmiýetlidir.

Halkymyzda il-halk bolup tutulan her bir tutum, başyna barylan iş agzybirlikde, jebislikde we bagtyýarlykda amala aşyrylýar. Munuñ özi geljekki ösüşlerimize hem badalga bolup, ak ertirlere has ynamly gadam urmaga iterýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem şeýle ähmiýetli, ýokary guramaçylykly çäreleriñ milli ruhda, toplanan baý tejribe esasynda, milli kanunçylygymyza laýyklykda geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyza, il-halkyñ bähbidini ähli zatdan ileri tutup, watançylygyñ belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyza kalbymyzdan çykýan alkyşlarymyz dowamlydyr, soñlanmazdyr.

Jemal ATAÝEWA,
Mary şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagynyñ terbiýeçi-usulyýetçisi, TDP-niñ işjeñ agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com